Baş sahypa

 

AÝRALYK / Ahmet Halmyrat

(Hekaýa) Adam bar ýerinde derdu-bela bar. Bilmedik, nirden ýolukdy, sargaryp-solup barýar oglum. Alaç ýok, keselhana ýerleşdirmeli. Onda-da aýak bitip, yaňy zybana gelen çaganyň ýeke özüni. Görseň, bir tutulan guşuň bar-da! Ýogsam başga-da çaga bar welin... Ýanynda boldum, ta iňrik garalyp, ...
dowamy

“Rifma – ritm…” / Bapba Gökleň

* * * Rifma – ritm. Garym-gatym, Bu çetin. Tankytçylar edil tank, Dat ýetiñ! Hiç zat ýok. Tolgunmañ! Boljak iş bolupdyr, indi howlukmañ, El degirip, görkün bozmañ suratyñ. Gündiz sagat 12, Gün öz ýerinde. Ýerem – Bagy-erem. Gözüñizi açyñ bir ...
dowamy

ATGULAKSYZ TABYT / Hydyr Amangeldi

(Hekaýa) Oraz nämä oýananyny bilmedi. Gözüni açdy. Gara öýüň ortasynda ýanýan ot söneňkirläpdir. Hersi bir dulda, başly-barat ýatan on-on iki ýigidiň hemmesem Köpetdagyň etegindäki obalardan ýygnan, tanalýan mergenler, awçylardy. Oraz olaryň ikisinden galanyny öňden tanaýardy, ol ikisem «Bäherden gapdalyndandyrys» diýdiler ...
dowamy

TABYT / Gurbannazar Ezizow

(Hekaýa) Meniň atam bardy, atamyňam tabydy. Onuň haçan, nähili sebäplere görä tabyt ýasadanyny bilemok, ýöne men atamyň tabydynyň bardygyny bilýärdim. Tut agajyndan ýasalan şol berdaşly tabyt biziň ýerzeminimizde saklanýardy. Gijeler beýlede dursun, hatda gündiziň günortanlary hem ýerzemine girmek miýesser gelende, ...
dowamy

Seni söýmek /Süleýman Hojanepesow

Seni söýmek - rahat tapmagy janyň, Seni söýmek - giňemegi dar dünýäň. Seni söýmek - bu çüwdügi ykbalyň, hem bahasyz peşgeş baky berilýän. Seni söýmek - duýup bilmek bar zady, Ýaşamak dünýäni ýaşan şekilli. Ýeke salym synlap durup bir zady, ...
dowamy

Pyşyrdy /Rahat Şyhyýew

Uçur​ gözleňdäki​ durnalaryňy. Bu iň owadan aýralyk bolar. Sesim gapyňyzy kakmaz irdenine, Geçelgede barmaz ysym arkaňdan. (Ruhumy ýitirdim. Ýöne bilýärin, Tapjagymy ony siziň raýondan.) Uçur goýnuňdaky kebelekleri. Hem sen aglama ejeň ýanynda, Del sebäbe bukup meniň hatamy. Duýýaňmy ruhumyň her ...
dowamy

SAN GOŞULMASY /Gurbandurdy Oraz

Alty ganat ak öýler, Üstünde güneş oýnar, Ýarsyz sowulan toýlar. Giň dünýe daralypdyr. Gazlar geler howlukmaz, Ýazlar geler - gowluk bar, Güýzler gider sowluplar, Giň dünýe saralypdyr. Guşlar kakar heşelle, Bag - olara düşelge, Gyşlar gelip düşerler, Guşlardan ar alyplar ...
dowamy

“Adam sadalykdan zyýan çekmeýär…” /Rasul Orazow

"Heniz sadalykdan zyýan çeken ýok, Sada bolsun ogul bilen gyzyňyz” ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ...
dowamy

KESEKI DÄLDIGMI BILDIM AÇ-AÇAN… / Çary Ýegenmyradow

*** Keseki däldigmi bildim aç-açan Gözlerňe ýetende gyňajyň çowy. Maňa her kim gabat geldi her ýerde, Ýöne, hemmesinden diňe sen gowy. Sen halal süýt emen, naçar maşgala, Öwýär seni mydam goňşy-golam-da. /Sen hakda üýtgeşik bir zat ýazaryn, Menem ile belli ...
dowamy

Bilesim gelýär /Goçmyrat Orazberdiýew

Alysdan neneňsi görünýän, dogan, Dälmi ýa men içgin synlanňa degýän?! Gözleri äýnekli, saçlary ösgün, Arzuwny yzyna düşürip gelýän Oglan öňküler deý ýygra däl indi, Kalby kisesi deý çöwrülip duran. Ähli söýgüsini gözünde jemläp, Ol tüýs bir Mežnuna öwrülipdirem. Günleň kölegesin ...
dowamy
Загрузка...