Poeziýa

Seni söýmek /Süleýman Hojanepesow

Seni söýmek – rahat tapmagy janyň, Seni söýmek – giňemegi dar dünýäň. Seni söýmek – bu çüwdügi ykbalyň, hem bahasyz peşgeş baky berilýän. Seni söýmek – duýup bilmek bar zady, Ýaşamak dünýäni ýaşan şekilli. Ýeke salym synlap durup bir zady, […]

Poeziýa

UÝAMA /Süleýman Hojanepesow

Goýup gidäýjekmi gijäniñ ýary Tüm köçede meni ýalñyz başyma? Meniñ ähli zady tijänim ýañy Pikrimi, duýgymy jemläp daşyma heniz oñly tutunamok barlyga, Hat-da baryñda-da bekişmedim men. Onsoñ niçik hakykata-baýlyga düşüneýin, ýok, ýok, ýetişmedim men. Men heniz topraga tutunan tohum, Doñaýmagym […]

Poeziýa

“BILÝÄŇMI NÄME…” /Süleýman Hojanepesow

Bilýäňmi näme, Bölek-bölek göwnüm birleşdirdim-de, Men saňa bagladym inçe taryny. Seniň gözýaş baglan göreçleriňde, Şatlygymy, hasratymy, baryny gördüm diýip, özümden öň ynandym. Şonuň üçin saňa nätanyş dünýäň – Öz dünýämi açmaklyga synandym. A sen welin, bar ynamym puç edip, Ýaňy […]

Poeziýa Täze eser

*** / Süleýman Hojanepesow

Güýzahyrda münüp ömrüñ ýaş atyn, Çapdym ony döwrüñ nalyşy ýaly. Puşkiniñ ömrüniñ ýaryn ýaşadym, Gymmatym Puşkiniñ ýaryça barmy?! Süýdüñ ysy aýrylmanka agzymdan, Özüm ýaly gowşak goşgular ýazdym. Haraý tapyp bilmän aýdan arzymdan, Düýşümde ýaz görüp, gabrymy gazdym. Duzagyna düşürende öwrümler, […]

Poeziýa

“Men…” /Süleýman Hojanepesow

Men- On dokuz güýzüñ gussasyn dadan, Damyp gara gözden hiç gönenmejek Kindiwanja gözýaş – kiçijik adam, Asla görülmedik, hiç görülmejek. Gizlin dünýäñ il görmejek künjünde Baş harplardan ýazylan bir adym bar. Elimde dertdeşim-ýalñyz alty tar, Ýüregimde ýanyp duran odum bar. […]

Poeziýa

“Ýagsana, ýagyş…” /Süleýman Hojanepesow

Ýagsana, ýagyş, Kirşenläpdir ýüregimiñ münberi, Toz basypdyr köne duýgy dünýäsin. Sen olary bir enaýy ýuwsana. Dama-dama köl bolmaly damjalañ Derman bolsun, guýsana bu gursaga. Ýagsana, ýagyş, Dem salym dem alsyn dumanly dünýäm. Ýok edip birmahal hapa çöp-çalañ Siñen gussa atly […]