Poeziýa

“Adam sadalykdan zyýan çekmeýär…” /Rasul Orazow

“Heniz sadalykdan zyýan çeken ýok,
Sada bolsun ogul bilen gyzyňyz”
​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ Gurbannazar Ezizow

Adam sadalykdan zyýan çekmeýär –
Çekilmeýär zyýan sada adamdan,
“Baky alow” ýanyp dursa ahyrda
Ýanmaklyk ýok, çoýunmak bar odundan.

Adam sadalykdan zyýan çekmeýär,
Çeksede zyýany sadalygyndan,
Käte şerap içip, bada döwýäris,
Bada synýar adam nadanlygyndan.

Adam sadalykdan zyýan çekmeýär,
Çekmeýär zyýana sap sadazada,
Ol ýa hyýallardan saplanan haýyr,
Haýyrdan taplanan hyýaldyr ýa-da.

Sada ogul-gyzlar ýetişse ilki.
Zyýansyz ýaşamak mümkindir belki,
Şahyr hak aýdypdyr, hiç haçan çünki,
Adam sadalykdan zyýan çekmeýär.

05.2020ý

6+

20 jogap ““Adam sadalykdan zyýan çekmeýär…” /Rasul Orazow

  1. Onaýdaýn-munaýdaýn, öňräk biri, kimdigi ýadymda däl, türk edebiýatyndan pikir ogurlaýanlar barada tema açjak diýip ýördi. Gyzyklandyrypdy şo wagt. Kimem bolsa ters düşünmesin, şäös döretmek pikirim ýok.

  2. 2 setir + drož = heýgenek (drož nire, 2 setir nire, heýgenek nire).

  3. Adam sadalykdan zyýan çekmeýär:

    4 gezek gaýtalap bir bent ýasapsyň, galan üç bendem gaýtalapsyň. Biriniň pikirine goşulman ýazsana. Şu temadan ozalam gerk-gäbe bolan adamlar ýadadylar. Başga tema gyt däl, dost, sada bolsun bolmasyn…

    Gurbannazaram iki setirden aňryk geçmändir şu sadalykdan, tutuş goşgusynyň dowamynda.

  4. çözüp bilmedik krossword setirler:

    “Baky alow” ýanyp dursa ahyrda
    Ýanmaklyk ýok, çoýunmak bar odundan.

     

    “baky alow” – вечный огонь ýadygärlikleriniň alaowymy? ýa jähennem alawy?
    tapawudy ýok, ikisiniň başynda-da çoýunyp oturmagy aklym alanok.
    “odundan” sözem töňňäni, oduny ýatlatdy.

    Käte şerap içip, bada döwýäris,
    Bada synýar adam nadanlygyndan.

     

    şerap içilenine, soňundan bada döwülenine düşündim…. ýöne, badanyň synmagy (döwülmegi) bilen nadanlygyň arasynda näme bag bar?

    Adam sadalykdan zyýan çekmeýär,
    1) Çekmeýär zyýana sap sadazada,
    2) Ol ýa hyýallardan saplanan haýyr,
    3) Haýyrdan taplanan hyýaldyr ýa-da.

     

    1) sap sadazada (???) “çekmeýär zyýanamy” “galmaýar zyýanamy”? heý bu setirleri ýerbe-ýer goýup berjek barmykä?

    2) hyýal – düşnükli. haýyr – olam düşnükli. indi himiki reaksiýa geçirip haýyrdan hyýallary saplajak (aýyrjak) bolaly. haýyr – eýýäm edilen, durmuşa geçirilen акция, hyýal bolsa amala aşyrylmadyk, bir bolsady, real däl zat… bardan ýogy nädip saplamaly? düşünibem bilmedim, düşünmeýänimi düşündiribem bilmedim öýdýän…

    3) bäh. haýyrdan adam häsiýeti taplanyp biler welin… haýyrdan hyýal nädip taplanýar? polady taplan ostrowskä sorasaňam jogap berip bilmäýmese…

    Şahyr hak aýdypdyr, hiç haçan çünki,
    Adam sadalykdan zyýan çekmeýär.

     

    şu ýerdäki “çünki” nämä arkasyny direýärkä?
    çünkiň sebäbi bolmaly dälmi?
    mysal: men goşguny halamadym, çünki, şu-şu-şu-şu-şu zatlar sebäpli.

    —-

    onna näme, Rasul kaka… üstünlikler dileýän.
    ýürejigem basmaga dözmedim.

    28/07/20
    16:46

  5. Akyl kesgir gylyç deý

    Bolanda ýitýär sada.

    Sadalyk bar güneşde

    Dälkä heniz asmanda.

  6. hormatly agzalar.
    “galamdaşyň” howasynyň düzüminde saglygyňyza zyýanly tozan bölejigi peýda boldy.
    şo sebäpli agyz-burun örtükleriňizi ulanmagy, tozan bölejigi bilen araçäk saklamagy, onuň teswirlerine hiç hili jogap bermezligi maslahat berýärin.
    adminlere bolsa, üzärlik tütetmegi, tozan bölejiginiň täsiri oňa ýazylan teswirler arkaly ýaýramanka derrew (onuň bilen kontakta geçen teswirler bilen bilelikde) pozup aýyrmagy ahmal etmezligi maslahat berýärin.

  7. ?

    Unaş içeliň. Her gezek teswir yazanymyzdan soň elimizi sabynlap yuwalyň! Heyjanelek, jan elek, sabynlapjyk yuwalyň! Arassaja bolalyň!

  8. Hemmäňe salam! Ilki bilen men siziň hemmäňize minnetdarlyk bildirýän. Heriňiz öz pikiriňizi orta atyp ýazýan adamyň göz öňüne getirmedik zatlaryny ýüze çykarýarsyňyz. Bu örän uly hemem ähmiýetli zat. Işiňiz ugruna bolsun.
     Bu meniň goşgyny akladygym däl…
      Şu goşgy bir waka sebäpli ýazylypdy. Bir üýşmeleňde boldum, şonda Gurbannazar Eziziň ol iki setiri hakynda gürrüň gozgaldy, ol tas daňa çenli gidipdi. Bu gürrüň hut ýaş şahyrlaryň arasynda hem gozgalany ýadyma düşýär. Ýöne ol tiz ýatdy. Iki gürrüňüň hem soragy birdi emma jogaplary başga. Birinji-de ol köpimiziň düşünişimiz ýaly şahyr ýalňyşypdyr, oýlanman iki setiri toýuň gutlagy hökmünde şagladypdyr. Ikinji jogap egin galdy-da kelle çalaja bir gapdala gyşardy wessalam. Şeýle bolanda özüme şahyryň şol toýda oturyp, toýuň şowhunundan özüni alyp çykyp pikire gapgarylyp oturyşy göz-öňümde janlanýar. Ol şol iki setirde nämäni göz öňüne tutdy… Indi göwnüme şol goşgy toýda tommukda, telewideniýada, radioda okalsa şahyryň ýüzi gyzarýan ýaly. Eger biziň aglaba bölegimiziň ol goşgy hakynda şahyryň aýdasy gelen zadyny dogry kabul etmeýän bolsak ol şeýledirem. Täze zatlary agtarýarys tapdyk diýýäris ýöne ol täze däl, ol ýone başga görnüşde, başga röwüşde. Konfusiň diýişi ýaly “Peredaýu a ne sozdaýu”. Biz heniz könäni özleşdiremzok. (Özleşdirenlere degişli däl size zatçýot)
    Bu meniň goşgyny akladygym däl…
    Indi Mangoň çözüp bilmedik kraswordy hakynda. ))) “baky alow” – вечный огонь ýadygärlikleriniň alaowy. Bu ýerde metafyra getirilipdi. Ol alowyň aňyrsynda sadalyk ýatyr (meniň üçin) şonuň üçin hem ol ýanyp duran ot hem bolsa onuň oduna ýanmak ýok, çoýunmak bolsa obrazno. Ikinji bent hem şeýle iki setir getirilýär we şoňa laýyklap (başardygymdan) meňzetme getirilýär. Ýagny şerapdan zyýan çekilsede ol arzyly. Emma badadan zyýan ýok ol bolsa ýerde pytyraýar, ol hem düşünjämiziň pesliginden diýip aldygym boldy (nadanlygy). Üçünji bendi düşündirmek kyn bulaň bary obrazno IRRASIONALLYK. Dördünji bendi şeýle diýip göreýin: “ Şahyr hak aýdypdyr, çünki hiç haçan adam sadalykdan zyýan çekmeýär.” Onda-da bolmadyk bolsa bolmadygy.
    Şu posty ýazmak bilen meniň utýan zadymam ýokdur (belki bardyram) owarram. Şeýlelikde ýene mende goşgy nähili ýazylmaly diýen sorag ýüze çykýar. Şeýle ýa beýle diýip jogap bermezden öň oýlanyşalyň. Adam goşgyny ýazmak bilen özünde köp zady oýarýar, pikirini, düşünjesini, köňlüni, göz ýetimini, üşügini, jogapkärçiligini (elbetde hemişe beýlede däldir tem nemenee) Onuň durmuşy bilen baglanyşykly wakalary, terjimehaly, häsiýeti, gussasy we öz söz žargonlary syzylyp çykýar.  Onsaň ol goşgy okyja gowuşýar. Okyjy şol mahaly gaharly bolmagam mümkin ýa öýkeli ýa keýpli ýa baý ýa garyp ýa şadyýan ýa akyldar ýa kelpeň ýa husyt ýa jomart… onsaň ol goşgynyň manysy, nukdaýnazary, gussasy, ähmiýeti her kime deň baryp biljekmidir, bilmelimidir? Ine redaktorlarymyzyň alyşy bolsa asla başgaça. Ýöne şu ýerde bir zady anyk aýdyp biljek, eger her bir ýazylýan goşgynyň setirleri adamyň köňlünde orun tutup bilmejek pikirlerden, duýgulardan ybarat bolsa, umuman ähmiýetsiz bolsa ol goşgyny ýakyp göýbermeli bolar. Şeýdilerem…
    Bu meniň goşgyny akladygym däldir…
    “Durakow menşe, çem dumaýut: lýudi prosto ne ponimaýut drug druga” Lýuk de Wowenarg.

  9. Düşünyän, Resul, darykmagyňa. Her kimem yazan eseriniň okyjyda duygudaşlyk döretmegini, ony oylandyrmagyny isleyandir.

    Özüm-ä goşgyň hakda hiç hili pikir yazmandym, onuňam sebäbi mende hiç pikir oyarmandam.

    Teswiriňden çen tutup, aytjak bolan zadyň wajypdygyny çak edyan, yöne pikiriňi çeperleşdirip yetirmegiňe, dogry obrazlar saylamagyňa, gerekli sozleri ulanmagyňa kan zat bagly. Meň pikirimçe, şu komponentler eserde barden gaydyar. Gaytam awtor düşündiraymese, asla manysyny yormak kyn yerem bar: “Çekmeýär zyýana sap sadazada…”. Bu yerde harp yalňyşlary barmy, ya soz yasalyarmy… şu tarapyna-da jür bolmaly. Edebiyat – sms dal. Her bir yalňyş sowatly okyjyň degnasyna degyar, olar sebapli gylawy alow alyar…

    Onsoňam “goşgy nädip yazylmaly” diyen soragy orta atypsyň. Ony hiç kim düşündirip bilmez. Formalar, teoriyalar hakda gürrüň berip bolar, emma gowy yazmak uçin ol zatlar yeterlik dal.

    Gowy poeziya hem proza – instinktiň önümi.

  10. Başardygyňdan edebiýat teoriýasyny öwrenmeli. Öwreneňsoň, ony inkär etmäge girişmeli.

  11. Öz goşgymyzyň yzyndan munça düşümdiriş berjek bolsak, işimiz-ä bar-aý ?

  12. Panydygyn bilip durkak bu dünýäñ

    Neçüýn göwne degýäs birek biregiñ.

    Şeýle kynmy ýüreklere düşünmäñ

    Adam ogly,sen birehim,birehim

  13. I happen to be writing to make you understand what a terrific experience our princess went through visiting yuor web blog. She realized too many things, with the inclusion of what it is like to possess an incredible teaching style to make the others without hassle thoroughly grasp various tricky topics. You undoubtedly surpassed visitors’ expected results. Thanks for showing those warm and friendly, trustworthy, revealing not to mention unique tips on your topic to Tanya.

  14. I am just writing to make you understand what a perfect experience my wife’s princess obtained using your webblog. She noticed some things, which included what it is like to possess an excellent teaching spirit to make others with no trouble learn about specific specialized things. You undoubtedly surpassed readers’ expected results. Thanks for providing those priceless, trusted, informative as well as unique tips on your topic to Mary.

  15. Very nice post and right to the point. I don’t know if this is really the best place to ask but do you guys have any ideea where to hire some professional writers? Thanks in advance 🙂 https://livermedi.com liver pain meds

Teswirle

E-mail salgyňyz görkezilmez. Hökmany setirler * arkaly belgilenen.