Poeziýa

ÄTIÝAÇ /Seýitmyrat Geldiýew

Zeleli ýok artyk ätiýaçlygyň,
Seň saglygňa bulgurma meý guýýaryn.
Lermontowyň ömrüne deň ýaşymyň
Kalba salýan agramynam duýýaryn.

Ullakan arzuwlam sygman döşüme,
Ýüregmi ýukaldyp düýbün deşipdir.
Durmuşdan pelsepe çöpläp ýörşüme,
Gussalam azajyk artyk düşüpdir.

Saňa däl, kitaba döşümi oýkap,
Dodagyňa derek galam dişleýän.
Her sözüň üstünde başymy ýaýkap,
Gijelerne şahyrlarça işleýän.

Sözleriň başyny çatýan başymy
Bu gije seň bilen çatyp bilmerin
Hem on gezek hasap edip ýaşymy,
Ýene-de bir gije ýatyp bilmerin.

Men seň otagyňdan çykyp gaýdaryn,
Ugradarsyň, sen öýkeli bakyşda.
Gijeleň öwezni öt, mähribanym,
Şahyr çykmasamam meni bagyşla!

16+

7 jogap “ÄTIÝAÇ /Seýitmyrat Geldiýew

  1. G.Ezizowyñ “Şanyña ýazylan liriki setirler” goşgusyny ýatlatdy

  2. I wanted to send you the very little remark to finally thank you the moment again over the remarkable tactics you have shared on this page. This has been simply surprisingly open-handed with you to offer unhampered what most of us would’ve offered for sale for an ebook to help make some money on their own, precisely seeing that you might have tried it in case you desired. Those suggestions in addition worked to become good way to realize that some people have the identical keenness similar to my personal own to realize significantly more when it comes to this matter. I believe there are several more pleasant sessions up front for people who scan your site.

  3. Today, with the fast lifestyle that everyone leads, credit cards have a huge demand in the economy. Persons from every field are using the credit card and people who are not using the card have lined up to apply for one. Thanks for sharing your ideas on credit cards. https://impotencemedi.com impotence meds online

Teswirle

E-mail salgyňyz görkezilmez. Hökmany setirler * arkaly belgilenen.