Poeziýa

BAGT DIÝLENDE / Atajan Annaberdi

Gök köýnegiň ýaz şemaly ýalydy,
Diňe sendiň şol ýazlaryň gelşigi.
Men henizem göz öňüne getirýän
Gök otlaň çyglaryn seçeläp,
seniň
Derýaň kenaryna ylgap gelşiňi.

Seniň gerdenlerňe dökülip duran
Melemtil saçlaryň togar-togardy.
Şol gijeleň Aýam köne harazyň
Aňyrsyndan lowlap-lowlap dogardy.

Diýerdim men seni basyp bagryma:
“Tizläli-le toýy, ýa sen garşymy?”
Sen aýaňy dodaklarma goýardyň,
Geň görýän deý ölüp-öçüp barşymy.

Hem diýerdiň synlap gumak ýollary:
“Haýsyka bularyň bagta ýetirýän?”
Men-ä şindem bagt diýlende bir seni,
Diňe seni göz öňüne getirýän.

6+

4 jogap “BAGT DIÝLENDE / Atajan Annaberdi

  1. 1) Men henizem göz öňüne getirýän
        …. ….. ….  ylgap gelşiňi.
    2) Men-ä şindem bagt diýlende bir seni,
    Diňe seni göz öňüne getirýän.
     

    gahryman ýetip bilmedik bagtyny göz öňüne getirýämi ýa-da ýeten bagtynyň ýanynda könesini ýatlaýamy?
    gyzyk.

  2. Goşgynyň şeýle soraglary döretmegi gyzyk. Soraglaryň ýöntem boldy, Mango. Beýtmed-ä.

    Oýunlyga salyp soran hem bolsaň teswiriňi birinji okap, soň eseri okaýan okyjylarda seň bilen ylalaśmaga bolan isleg döreýär. Ýagşylykda ýatlanyljak teswirleriň yzy gür bolsun.

    1. çig miwedigime düşüneniňize begendim.
      janyňyz sag bolsun.

Teswirle

E-mail salgyňyz görkezilmez. Hökmany setirler * arkaly belgilenen.