Poeziýa

Bilesim gelýär /Goçmyrat Orazberdiýew

Alysdan neneňsi görünýän, dogan,
Dälmi ýa men içgin synlanňa degýän?!
Gözleri äýnekli, saçlary ösgün,
Arzuwny yzyna düşürip gelýän

Oglan öňküler deý ýygra däl indi,
Kalby kisesi deý çöwrülip duran.
Ähli söýgüsini gözünde jemläp,
Ol tüýs bir Mežnuna öwrülipdirem.

Günleň kölegesin ýaşap ýörşüne,
Kaşaň geýinmäge degenok eli.
Onuň aladaçyl gözlerne bakan
Kalbynam hat deýin okaýar göni.

Ol hem hojalykçy kaka, häzirem
Işden geler, goşy – ýeralma, sogan…
Ol nähili adam?!
Bilesim gelýär.
…Men alysdan neneň görünýän, dogan?

17+

8 jogap “Bilesim gelýär /Goçmyrat Orazberdiýew

  1. Oglan öňküler deý ýygra däl indi,
    1) Kalby kisesi deý çöwrülip duran.
    2) Ähli söýgüsini gözünde jemläp,
    Ol tüýs bir Mežnuna öwrülipdirem.

     

    1) çöwrülen kise – boşlygyň (pulsuzlygyň) alamaty dälmi?
    “kalby kisesi deý çöwrülen” bolsa – nähili düşünmeli: kalby boşlukmy?

    2) “gözde jemlenen söýgi” – bu hem gyzykly bolupdyr.
    söýgem sort-sort. gözden söýgi, kalpdan söýgi, beýniden söýgi, duýgudan söýgi….
    ýöne Mežnunyň söýgüsi gözden söýgä girýärmikän?

    ——-

     

    Günleň kölegesin ýaşap ýörşüne,

     

    çapak çarpdym (başam barmak galdyrdym). gowy meňzetme: günüňi ýaşaman kölegesini ýaşamak 🙂
    bir gün geler, günümizi ýaşarys… diýip arzuw edipdir diýýä biri…

    soraýaň, dogan:
    alysdan neneňsi görünýän?
    aýtsam:
    kalbyň kisäň deý çöwrülip dur.
    boşluk, nähoşlyk.
    günüňi ýaşap bilmän, kölegesin ýaşaýaň.
    kaşaň geýinmäge degenok eliň.
    aladalar gözleriňden dökülýär,kalbyňam äýneksiz göni okalýar.
    indi, kaka hem hojalykçy sen.
    öý bilen iş arasy gatnaýaň.
    eliňde goş  – ýeralma, sogan…
    sen alysdan içgysgynç görünýäň,
    bilesiň gelse, dogan.
    ýöne, ýakyndan hoş görünýäň,
    goç görünýäň.

    üstünlikler!

    1. Her gezek göwnejaý bellikleri edýändigiň üçin Size minnetdar Mango!

      Çöwrülen kise göçme manyda pulsuzlygyň alamatygy düşnükli. Kalbyň kise deý çöwrülip durmagy göçme manyda däl-de, göni manyda – kalby, ýüregi çöwrülip, görnüp duran manyda ýaňzytmak isläpdim.

      Indi göz söýgüsi hakynda aýdanyň barada. Göz – kalbyň aýnasy diýläýmesi bardyr. Adamyň gözi onuň kalbyny açyp görkezýän aýnadyr. Göze bakyp, onuň kalbyndaky ähli söýgini aňlap bolýar manyda aýdypdym. Ýöne ol many ýerine düşmedik ýaly…

      Kalbynyň söýgüsin gözünde jemläp… diýlen bolsa ýerine düşjek ekeni… Sps bellikler üçin

  2. Goşgy başyny başlabilmändir ýaly. Dogan bolsa ýakyndyr, alysdaky garaýyşy bilmegiň hajatam ýok. Awtorda argynlyk duýulýar. Bylam hemme ýeriň gulplylygyndandyr. Gaýrat!

Teswirle

E-mail salgyňyz görkezilmez. Hökmany setirler * arkaly belgilenen.