Poeziýa Täze eser

Bir goşgy /Sapa Hommadow

Hatda, saňa huşumda-da sataşdym,
Didäň ýalynyndan eräpdim tas men.
Şükür, yşkyň urgusyndan çat açdym,
Indi ömrüň zarbasyndan halas men.

Bagana deý bakyşlaňdan ynjalyp,
Dabaraly duşuşykdan meý-mesem.
Razy, göwnüň bir künjünde dynç alyp,
Göni geljek ajalymy peýlesem…

Sogap ýok mähriňi sormakdan gaýry,
Günä bolsa bolubersin höwesim.
Geçse galan ömrüm ömrüňden aýry,
Kyrk ömürem dolup bilmez öwezin…

13+

20 jogap “Bir goşgy /Sapa Hommadow

  1. Döredijilik nähili gidip dur, Sapa? Soňky günler ýazybilýäňmi? Ýazylýamy?

    1. A men genial goşgy ýazdym diýip otyrdym welin, adamyň höwesini gaçyrmagy hiç zatça görmeýäň-aý, Mukam! :))))))

        1. Onda muny “Täze eser” rubrikasyna goşmak gerek.

  2. Tuwelemeeeeeeeeee!!!!!!!!!!!

  3. Gecenki goshgyn birinji bendi bilen munun birinji bendinin arasynda men koprusi bar. Shondan gecmek ansat oydyan. Sonky iki bendi gowam cykypdyr.

    1. Men bu soragyňa jogap berdim-ä, Annamyradowna! Gaýtalap soramak zerurlygy ýüze çykdymy ýa ýene?

      1. Biziñem bilesimiz geldi gaýta

  4. д
    дикобраз:

    Meniñ bakyşym bolýa:)

  5. Ýalynyndan däl, ýalnyndan,

    Ömürem däl, ömrem ýa-da ömür hem.

    Elementar harp ýalñyşlyklary bar.

    Mundaka bolmaýdy, ükä.

  6. Bagana bakyşyñ nahili bolyanyny bilesim gelyar???

  7. Salam, Sapa aga. Goşgyňyz gaty gowy ýazylypdyr. Galamyňyz mundan beýläk hem ýiti bolsun!

    @Chariyev II

    P.S. «Kitaphana»-da aýlanyp gaýdyň arasynda 😉

Teswirle

E-mail salgyňyz görkezilmez. Hökmany setirler * arkaly belgilenen.