Poeziýa Täze eser

IŇ SOŇKY GÜNÄ / Orazgylyç Çaryýew

Alys ýola çykyp, azaşdym tümde.
Bir ýerden goh gelýär — görsem, üstümde
Çaýkel sürüleri barmyş hemişe.
Goý, gelmesin maňa hiç kimiň haýpy,
Men tapmak isledim ilkinji HARPY,
Baş goşdum öz başym çykmajak işe.

Pikirler aňymda gurdular jeňi,
Ýatyrmady gizlin sanlaryň jemi,
Elýeter zatlary almadym alga.
Yzasyz agyry, ukusyz gije,
Sebäpsiz gam-gussa, ýalňyş netije,
Günä ýakyn yhlas, ýersiz tagalla…

Indi aňýan — men günämiň ýesiri.
Boldy, boldy — şol gün göwresiz biri
Diýipdi: «Daragta barmagyn golaý!»
Ol gitdi keselli hyýaly tijäp:
Ýöremekden galan aýagym gijäp,
Gan indi kesewä öwrülen gola.

Silteledim hellewleýän daragty.
Ol daragt täzeden irkilen wagty
Öňküden hem batly siltedim ýene.
Yza ýol ýok, ýogsam, dolanjak näler:
Şol pursat nur öçüp, jygyldap älem
Gökdäki ýyldyzlar döküldi ýere…

13+

9 jogap “IŇ SOŇKY GÜNÄ / Orazgylyç Çaryýew

  1. Gyzykly zat bolupdyray.
    “ilkinji HARPY tapmak isledim” diyende ol ilkinji harp “a”-my, “elif”-mi? Ahli zadyn bashlangyjymy?

    «Daragta barmagyn golaý!» diylende jennetdaki gadagan miwe yada dushdi.
    ”günasiniñ yesiri” gahrymanyñ  “Ýöremekden galan aýagynyñ gijemegi”, “kesewä öwrulen goluna gan inmegi” – owadan suratlandyrma bolupdyr.
    ol golay barylmaly dal daragty siltelemegi, nuruñ öçüp, älemiñ jygyldap, gökdäki ÿyldyzlaryñ yere dokulmegi… – hakykatdanam ajaÿyp sürrealistik kartina.

    ôñem biriniñ aydyšy yaly – berekella diyaymek galyar.
    we diyyan: berekella.

  2. Goşgy okan ýaly däl-de, terjime edilen bir poemanyñ äheñini ýadyña salýar. (Ruslan we Lýudmila ýa-da Şanamany okap oturan ýaly duýgy döredýär.)

    Orazgylyç aganyñ gaty güýçli we täsirli goşgulary bar. Çeken kartinasy ajaýyp, meñzetmeleri owadan, ýöne goşgy poetik ýañlananok. Owazynda problema bar.

    Hamala dogry sazy ýalñyş instrument bilen çalan ýaly.

  3. Goşgy gowy bolsa-da, birhili tagamyny alyp bilmedim. Meňzetmeler, ruhy ahwal, stili erbedem däl ýogsam.

  4. Düšünjek bir-iki okanda düšer ÿaly, düšünmejek ÿüz okasa-da düšünip bolmajak bir gošgy.

    Orazgylyc aganyñ döredüjiligine hormatym cäksiz. “Dünya edebiÿatyndan”  terjimesini tapmasam gynanÿan…

  5. Salam. Men eser ugratmakcy welin “tehniki näsazlyk” diýýär. Kömek edip bilýäňizmi?

    1. Saýt birnäçe aý bäri hereketsiz ýatyr. Täze eser goýlanok, käte özi hem tutuşlygyna ölüp direlýär. Edil edebiýatymyz ýaly…

      Şonuň üçin eser ugratjak bolanyňda «tehniki näsazlyk» diýip ýazsa begeniber. «Päheý, edýäniň näme?” diýäýse nätjek?!

  6. Şahyryň esasy üns merkezinde tutýan zady meňzetmeler esasynda gahrymanyň ruhy ahwalatyny aýdyň beýan etmek bolup durýar we ol hem goşga täsin öwüşgün berýär. Fantastiki suratlandyrma şol sanda sözleriň oylanmaga mejbur etmegi meniň pikirimçe eseriň üstünligidir.

Teswirle

E-mail salgyňyz görkezilmez. Hökmany setirler * arkaly belgilenen.