Poeziýa

KINDIWANJA KYSSALAR / Bäşim Ödek

***
17.08.2011.
Diýeniňi edäýen bolsam, “Bäşim Ödekden dagam düşündiriş alypdyr” diýip, taryha-ha girerdiň, başlyk.

***
Ol eýdip-beýdip çap etdirýän her täze eseriniň il içinde öz abraýyny gaçyrýandygyny bilmeýärdi.

***
20.08.2011.
Ýazyjylygyň 10 prosenti zehin, 90 prosenti zähmet diýýärler. Ýalan!
Zähmete berilýän bolsa, ýok garnyny doýurjak bolup, ömürboýy gybyrdyklap işläp ýören garynja bihepbe bilbil ýaly saýrardy. Saýranog-a!
Islendik sungatyň, şol sanda, söz sungatynyňam 99 prosenti, ýeri bolýa-da, çekeleşige geleýin, 90 prosenti zehin, 10 prosenti zähmetdir.

***
Ýazdy, ýazdy, ýazdy. Örän köp ýazdy. Iň soňunda-da “iň gowy ýazan” däl-de “iň öndümli işlän ýazyjy” adyny aldy.

***
Ýazylmaly zat ýazyldy-la. Okyjy tapylaýmalysy galdy.

***
Kim bolsaň bolaý — daýhan, işçi, şahyr, lukman – özüňe göwnüň ýetýändir. Hak edýäň! Sen özüňden başga kime gerek?!

***
Soňky döwürde söýmäge-de, “söýýän” diýmäge-de gorkýan. Birdenkä olam şeýdäýse, onsoň näderin?!

***
“Dünýä edebiýaty” diýlende, bir soraga anyk jogap bermeli: tükmen edebiýatyny dünýä edebiýaty derejesine çenli ýokary götermelimi ýa-da dünýä edebiýatyny tükmen edebiýaty derejesine çenli pese gaçyrmalymy?

***
Erkin pikirliniň diňe özüniň däl, ähli maşgalasynyň, dogan-garyndaşlarynyň, dost-ýarlarynyň hem “külüni külüne garýandyklary” baradaky hakykaty nädip sypaýyrak aýtsa bolarka?

***
Geniý: “Men – beýik!” diýip özüni bir gez peseltdi.

***
Aýsbergleri synlajak bolup uzaga gidip ýörmek gerek däl. Içindäki suwy doly doňdurylyp, soň doňy çözülip başlan bir ýarym litrlik plastik çüýşäni synlaň. Şonuň içindäki suwdan ýokary çykyp duran buz bilen suwuň aşagyndaky buzuň möçberini deňeşdiräýmeli.
Ine, şolar aýsbergleriň bize görünýän hem görünmeýän bölekleri.

***
Şu gün aýsbergler barada hemmä mälim hakykaty kagyza geçirdim. Geçirsemem-ä geçirdim welin, howpurgaberdim. Görnüp duran başlaryny aýsberg saýyp sežde edip ýörenlerimiň bize görünmeýän kökleri dagy nähilikä, nähili çuňlukdaka?!

***
Janym saňa sadaga, Pygamberimiz! Seniň diýşiň ýaly, ertire çykjagyň belli dälkä, pylança ýyldan soň boljak zatlar barada göwün ýüwürtmek nadanlyk dälmi näme?!

***
06.09.2011.
“Dünýä edebiýaty” žurnalyna täze bölüm müdirini bellediler. Ol kürsüsine geçip barýarka, öňünde duran tükmen edebiýatynyň läheňleri Atajan Taganyň, Atamyrat Atabaýewiň, Daňatar Berdiýewiň (Bäşim Ödegi hasap etmäniňde-de) ýanlarynda säginmän, çalaja baş atyp geçdi gitdi.
Onuň nazary tükmen edebiýatyna däl-de, DÜNÝÄ EDEBIÝATYNA sary gönügendi.

***
Soragym:
– Älemiň gijesi bilen gündizi barka, meniň öz pikirime çapraz gelýän başga pikirim bolup bilmezmi?
Jogaby:
– Bolar, bolar. Ýöne gije uklap, gündiz pikirlenjek bolmaly. Şonda pikirleriň sazlaşykly bolar.

***
“Kindiwanja kyssalarymyň” birki sanysyny Agageldi Allanazara okap berdim. Başda hezil edip gülen ýalam boldy welin, soňam kesbini gabandymy-nätdimi: “Sen goşgyňy ýazyber, kyssany Özümiz ýazarys” diýdi.

***
21.09.11.
“Kindiwanja kyssalaryň” haýsysynyň oýun, haýsysynyň çyndygyny özümem bilemok.

2+

13 jogap “KINDIWANJA KYSSALAR / Bäşim Ödek

  1. “Dünýä edebiýaty” diýlende, bir soraga anyk jogap bermeli: tükmen edebiýatyny dünýä edebiýaty derejesine çenli ýokary götermelimi ýa-da dünýä edebiýatyny tükmen edebiýaty derejesine çenli pese gaçyrmalymy?

    PES diýdiňow…

  2. Diýmek goşgam ýazýan eken-dä. Bular ýöne kyssamyka beri? Gündelik ýazgylaryna meňzeýär-ä.

  3. Бизинем эдебиятымыз дунйа эдебиятынын бир болеги далми? Я-да биз башга планетада яшаясмы?
    Эдебиятын говшакдыгыны билип отуран болсан, ине сана галам. Ине сана галамдаш. Гуйчлендир!

  4. biz bir zat diýseg-ä gelşiksiz. şu posthakda halypalaryň pikirigaty gyzykly…

  5. Täze bölüm müdirlisi has gowy eken.

    Dogrudanam, @Narynjyň belleýşi ýaly, edil kyssa-hekaýa-ha däl. Ýöne gündelik ýazgylary hökmünde gyzykly.

    «Dünýä edebiýaty»hakda ironiýa-sarkazm bilen gürrüñ beripdir. Özüniñem bir döwürde şol ýerde terjimesi çap edilýärdi. Erbedem terjime edenokdy, pahyr. Sweýgden bir gowja nowellany terjime eden Bäşim Ödek öýdýän. «Amok» bolmaly. Ýalñyşmaýan bolsam, elbetde. Paýlaşylsa, belki okalar.

  6. “Amok” terjime edilen bolsa, biz näme üçin başga dillere ýüz tutup ýorüs? Adminler tapyp, ýetirip bilmezmikä?

  7. Thanks for the tips on credit repair on all of this blog. What I would advice people is to give up the mentality that they can buy now and pay later. As a society we tend to do this for many things. This includes vacations, furniture, and items we want. However, you need to separate your wants from all the needs. While you are working to improve your credit score you have to make some sacrifices. For example you can shop online to save money or you can go to second hand stores instead of expensive department stores for clothing.

  8. Today, taking into consideration the fast chosen lifestyle that everyone is having, credit cards get this amazing demand throughout the market. Persons out of every arena are using credit card and people who not using the credit card have prepared to apply for just one. Thanks for spreading your ideas in credit cards. https://impotencemedi.com treatment for impotence

Teswirle

E-mail salgyňyz görkezilmez. Hökmany setirler * arkaly belgilenen.