Poeziýa

Pyşyrdy /Rahat Şyhyýew

Uçur​ gözleňdäki​ durnalaryňy.
Bu iň owadan aýralyk bolar.
Sesim gapyňyzy kakmaz irdenine,
Geçelgede barmaz ysym arkaňdan.

(Ruhumy ýitirdim.
Ýöne bilýärin,
Tapjagymy ony siziň raýondan.)

Uçur goýnuňdaky kebelekleri.
Hem sen aglama ejeň ýanynda,
Del sebäbe bukup meniň hatamy.

Duýýaňmy ruhumyň her gün
Gujaklaýşyny,
Işe gideňsoň
Daragyňda galan saçyň taryny.

Uçur ýürekdäki kepderileriňi…

17+

12 jogap “Pyşyrdy /Rahat Şyhyýew

  1. Soňky döwürler Rahat yitdi diyip, gynanyp yördüm.

    Gyzykly goşgy bolupdyr. Öňündäkini çalşyp, soňunda “Ucur yürekdaki kebelekleri…” diyip gutarsa has guyclenernika diyyan. Kepderiň simwolik tasiri durnalaňkydan hem kebelekleňkiden barden gaydyar.

    Belki, ejesiniň yanynda liriki gahrymanyň hatalaryny bukup aglanynda, “Uçur goynuňdaky gargalaryňy” diyilse, has ayylganç yaňlanar?

    Ylalaşman bilersiň.

    Howri kop bolsun!

    1. Şo gargaly ýeri aslynda bardy. Başgaçady goşgy başda. Şü gahar-gazaply pikirlerimden bez bolanym üçin üýtgedi köp ýeri.

  2. ady: pyşyrdy.
    goşgyny pyşyrdap okamalymy, ýa goşgy başgalar eşitmez ýaly diňe ýüzlenenine pyşyrdap aýdylan sözlermi?

    simwollar:
    durna – aýralyk.
    kebelek – ? (bilemýok, belki gözellik, her zady gowa ýormakdyr…)
    kepderi – parahatlyk (rahatlyk).
    “Uçur ýürekdäki kepderileriňi…” diýende ol paRahatlyk kepderisi Rahadyň edil özüsimika?
    “özüsimikä” diýemde-de “Sesim gapyňyzy kakmaz irdenine” setirleri ýada düşdi.
    irden“-i eşde-eşde gelýäs, indi hudaýa şükür “irdeninä“-nem eştdirdiler. edebi dilimiziň baýlaşýanynyň aýdyň subutnamasy.

    “darakda galan saçyň taryny” ruhuň bilen gujaklap ýörüşiň gigienik däläm bolsa, gyzyklyja bolupdyr.

    näme diýsemem, gouja ken.
    halaberdim.
    ýöne, durnadan, kebelekden soň kepderä geliberende pyşydy hasam peseliberip yzy eşdilmän galypdyr.
    yzy bolaýjak ýaly…
    belki yzy bize kän degişli däldir…. nämede bolsa pyşyrdy ahyrym.

    ýüregi basdym.
    üstünlik.
    30/07/20
    13:01

  3. Başky iki owadan setirden soň, goşgy batlanyp, akyp gidäýjek ýaly welin, akyp bilmän dur… Pikirleriňi başda erkine goýberip, soň çäklendirilen ýaly… doly açylyp gidiberenok… Ýöne üýtgeşijek ýazjak bolmak gylygy awtordan gowy zatlara garaşmaga umyt döredýär.

    Üstünlik Rahat!

    1. Sebabi gadyrdanym, goshgy showuna dushmedik terjima menzeyar….

  4. ” Saña aýtjak zatlarym bar, dilberim!”

    (Ah,ony aýtmany kimler başardy?!)…

    Gygyryp aýtjakdym,aýdyp bilmedim,

    Pyşyrdy…..

  5. ,,Uçur gözleňdäki durnalaryňy,,

    Göze nàhili durna gonýar?

    1. tehniçeski göze durna gonup biler welin, ýüregiňe kepderi gonsa, ana, şol gowy däl.

      Libidoň darakdaky saçyň taryny gujaklajak derejede  güýçli bolmagy ajaýyp ýagdaý. Onsoň kepderem uçar, bilbilem uçar, tawusam…

      aýagyň ýere degip dursun, inim!

Teswirle

E-mail salgyňyz görkezilmez. Hökmany setirler * arkaly belgilenen.