Poeziýa

“Rifma – ritm…” / Bapba Gökleň

* * *

Rifma – ritm.
Garym-gatym,
Bu çetin.
Tankytçylar edil tank,
Dat ýetiñ!
Hiç zat ýok.
Tolgunmañ!
Boljak iş bolupdyr, indi howlukmañ,
El degirip, görkün bozmañ suratyñ.
Gündiz sagat 12,
Gün öz ýerinde.
Ýerem –
Bagy-erem.
Gözüñizi açyñ bir kerem.
Şahalaryñ arasyn aç –
Ýalañaç
Öli.
Gorkmañ ölüden.
Ýöne weli,
Galam göni
Ondan ötri,
Günäsini geç öñünden,
Ol ýatan gyz,
Namysy alnyp, ýerine
Hasrat goýulan.
… Bir ýowuz alamat gezýär durmuşda.

8+

9 jogap ““Rifma – ritm…” / Bapba Gökleň

  1. Inen ýaly tapba gökden,

    Hemä syrly,hem ýönekeý,

    Şahyr eken Bapba Gökleñ

  2. birine bagyşlanan goşgumyka?
    kimkä ol galamy göni, öli?

    bu goşgyň ýazylyş taryhyny bilýän barmyka?
    bapbaň goşgusy tokaryň suraty bilen bilelikde hasap syrly göründi.
    batyrgaý, dogumly, gyzyl, sary, gök tegmiller… gyzykly forma…

    işiniň ussady (ikisem).

  3. Bapba Gökleñ 1949 ýylyñ 15-nji ýanwarynda Gyzyl-Arvatda dünýä inýär. Ol orta mekdebi tamamlap, Aşgabadyñ Oba hojalyk institutyna okuwa girýär. Emma edebiýata bolan höwesi ony oba hojalygyndan gitdigiçe daşlaşdyryp, metbugat işlerine golaýlaşdyrýar.Netijede ol Oba hojalyk institutyny bitirse-de, bu ugurdan uzak işlemän, metbugata işe gelýär we şondan soñ onuñ ilkinji goşgulary, hekaýalary dürli gazet-jurnallarda çap edilip ugraýar. Biraz soñra Bapba Gökleñ Moskvanyñ M.Gorkiý adyndaky edebiýat institutyna gaýybana okuwa girýär. Emma özboluşly, guýmagursak zehine Edebiýat institutynyñ galyby dar görünýär. Şonuñ üçinem tiz wagtdan onuñ bu institutda okamak islegi gaçyp, öz zehinini tebigy ugruna görä ösdürmegini dowam edýär. Ol köp okaýar, öwrenýär, türkmen, rus we dünýä edebiýatynyñ iñ gowy nusgalaryny özbaşdak özleşdirýär.B.Gökleñ diñe bir goşgy däl, eýsem kyssa eserlerini-de ýazardy. Onuñ käbir hekaýalary dürli döwürde respublikanyñ gazet-jurnallarynda çap edildi. Şolaryñ arasynda onuñ ”Ýaşlyk” jurnalynda çykan ”Oýtak” hekaýasy, ”Edebiýat we sungat” gazetinde çap edilen hekaýalary okyjylaryñ aýratyn ünsüni çekipdi. Ýöne B.Gökleñe il arasynda şöhrat getiren onuñ goşgularydy. Metbugatda kän çap edilmese-de, Bapbanyñ goşgulary okalman galmazdy, ol goşgular dilden-dile, elden ele geçerdi. Öz ýazan eserleri päsgelsiz çykýan ýazyjy-şahyrlar-da Bapbanyñ çap edilmeýän goşgularyny tapsalar, hezil edip okardylar. Ol goşgularyñ şöhraty il arasyna-da ýaýrardy.Türkmen sovet senzurasy Bapba Gökleñiñ garşysyna diş-dyrnak bolup çykdygyça, şahyryñ şöhraty şonça-da artýardy. Dirikä B.Gökleñ diñe bir kitap çap etdirip bildi, emma ol kitaba şahyryñ belli goşgulary girizilmedi, senzura muña ýol bermedi.Bapba Gökleñiñ goşgulary ilkinji gezek dolulygyna Swedende, ”Gün” neşirýatynda ”ÝOLMA GUŞUÑ GANATYN!” ady bilen 2005 ýylda neşir edildi.B.Gökleñ 1991 ýylyñ 23-nji dekabrynda tragiki ýagdaýda aradan çykdy. Onuñ duýdansyz ölümi köp sanly soraglary döretdi. Ol soraglara häzire çenli-de degerli jogap tapylanok… Şahyryñ yzynda iki ogul bilen bir gyz galdy. Onuñ wepaly ýanýoldaşy Laçyn-da biraz wagt mundan öñ dünýäden ötdi.Bapba Gökleñiñ özi aýny ýaşda, zehininiñ añrybaş goýalan döwründe wepat bolsa-da onuñ eserleri, hyjuwly hem adamkärçilikli, batyrgaý hem näzik, çuññur pelsepä, mertlige ýugrulan goşgulary ýagtylyk ugrundaky göreşi dowam etdirýärler. Ölüm Bapba Gökleñi biziñ elimizden alyp bilmedi, ol öz ilhalar goşgularynda ýaşaýar we adamlary mertlige, ynsaplylyga, halallyga, päklige çagyrýar.

    1. Sagbol ýetirenňe,Hem şol Ägirdi tirsegne daýandyransyň,ALLA ýalkasyn.

  4. Bapba Gôkleñow / * * *

    Bolmady. Ýüzüme urdular meniñ,
    Ümdüzime tutdum tasan mal ýaly.
    Mähelläñ içinde, göýä bir çölde,
    Gezdim adam gözläp, suwsan mal ýaly.
    Nirden geldi oglan başa bu höwes?
    Men adam gözledim, biçäre kör deý,
    Agyr mähelleden eşdilmedi ses,
    Ýogsa men gygyrdym: ”Kim bar bu ýerde?!”
    Birdenem mähelläñ akymna düşdüm,
    Ýitdim gitdim, başky höwesim gaçdy.
    Ejizledim. Menden zor çykdy müşgül,
    Ynam syndy. Şübhe gözümi açdy.
    Gan sowady. Karar tapdy ýürek hem.
    Göwräm oýa dolup ölüp galdym men.
    Şuny az görmäliñ birek-birekden.
    Mahal-mahal adam boljak boldum men.

  5. PYŞYRDYLAR Pyşyrdylar, pyşyrdylar,Sizi çöpläp üýşürdiler,Paýladylar gapy-gapy,Şeýdip, aşa düşürdiler.Pyşyrdylar, pyşyrdylar,Sizi gaty çişirdiler,Çişirdiler ýamanñyzy,Ýagşyñyzy ýaşyrdylar.Pyşyrdylar, pyşyrdylar,Sizi juda üýşürdiler,Ýakdylar ýamanlyk odun,         Soñ özleri üýşendiler.

Teswirle

E-mail salgyňyz görkezilmez. Hökmany setirler * arkaly belgilenen.