Poeziýa

SAN GOŞULMASY /Gurbandurdy Oraz

Alty ganat ak öýler,
Üstünde güneş oýnar,
Ýarsyz sowulan toýlar.
Giň dünýe daralypdyr.

Gazlar geler howlukmaz,
Ýazlar geler – gowluk bar,
Güýzler gider sowluplar,
Giň dünýe saralypdyr.

Guşlar kakar heşelle,
Bag – olara düşelge,
Gyşlar gelip düşerler,
Guşlardan ar alyplar.

Asman ýyldyzlary bar,​
Zemin gündizleri bar,
Adam diýen gudrat bar
Şu iki aralykda.

10+

12 jogap “SAN GOŞULMASY /Gurbandurdy Oraz

    1. hormatly Bathyz kaka.
      içiňden pikirlenip, nokadynam daşyndan goýýaň welin… bize kyn bolýar hyýalyňdan geçirenleriňi okamak.
      ýa bellik edýäňmi bu goşgynam okadym diýip.

  1. näme üçin “san goşulmasy”?

    goşguda sanalýan ak öýüň “alty ganatyndan” başga sanalýan zadam ýok ýaly.

     

    Alty ganat ak öýler,
    Üstünde güneş oýnar,

     

    солнечный зайчик oýnasa düşünýän, ýöne güneşiň oýnamasy – real bir suratlandyrma däl ýaly.
    güneş eýläk-beýläk hereket edip “oýnanok”, onuň hereketi belli, gündogardan günbatara tarap….
    ýöne güneşiň şöhlesi şemala yranýan agaç ýapraklarynyň arasyndan geçip her hili oýun edip biler, belki şony aýtjak bolandyr, ýagny “солнечный зайчик”-iň gürrüňi. belki?

    Gazlar geler howlukmaz,
    1) Ýazlar geler – gowluk bar,
    2) Güýzler gider sowluplar,
    Giň dünýe saralypdyr.

     

    1) “…gowluk bar” – “bor” bolmalymyka?
    2) güýz “sowluplar” gidensoň dünýe saralýarmy? güýz gelende saralýamyka diýýädik…

    Asman ýyldyzlary bar,​
    Zemin gündizleri bar,
    Adam diýen gudrat bar
    Şu iki aralykda.

     

    “şu ullakan zemin, hemem asman arada” diýlenden soň…. şol iki aralygy ýatlap jüpüne düşen bir zat ýazmak kyn bolaýmasa…

    üstünlikler.
    (ýürek bitewiligine galdy, gynansakda…)

    28/07/20
    17:13

  2. Saralypdyr,solupdyr

    Bu dünýäniñ meñzi-de.

    Sary güneş dogupdyr,

    Hol beýlede,deñze-de

     

    Altynyñ reñki sary

    Aşyk ynsanyñ bary.

    Sary reñkli bazary

    Her kim nämä meñzeder.

    1. Sen geleňsoň, koronowirus kaka, hemmeler ýaşynmaga başlady…

      Şu postdaky awtoryň goşgusam “ýaşmagyň arasyndan” ýazylan goşgy ýaly bolupdyr. Ýürege ýetibilmän dur…

  3. I am also writing to make you know what a impressive encounter my friend’s girl gained reading through your web page. She learned plenty of pieces, which include what it’s like to possess an amazing helping mood to let most people smoothly know several impossible subject matter. You truly exceeded our own expectations. Thank you for offering these invaluable, safe, explanatory and even fun tips about this topic to Julie.

Teswirle

E-mail salgyňyz görkezilmez. Hökmany setirler * arkaly belgilenen.