Poeziýa

SEN KIM? /Sahy Öwezow

M. G.-a

Ýaşymyzda tapawut kän, aralyk,
Mekgä giden ýaly uzak, gaty daş.
Kalba talañ salýar, mähire zarlyk,
Derdiñ paýlaşara dogan ýok, gardaş.

Ýazan goşgularñy okap göremde,
Öz ykbalym gaýtalanýar barynda.
Meñ durmuşum aýdyp berdimi biri,
Maña bildirmäni gijäñ ýarynda.

Ýa sen meniñ juda ýaşka ýitiren,
Mährine zar bolup ýören agammy?!
Dişim gysyp,ýüregimde dert baglan,
Göz ýaşymdan kemal tapan agymmy?!

Gara dutar perdesinde ot alan,
Heñine söz ýazyp bolmaz sazymmy?!
Bir säw bilen aýra düşüp, ýat bolan,
Sen meniñ ruhummy ýa-da özümmi?!

12+

22 jogap “SEN KIM? /Sahy Öwezow

  1. Berekella diyip yekeje bellik etjek.

    Náme üçin ÿaš tapawudyny kilometr bilen ölçeÿáñ?

    Ýaşymyzda tapawut kän, aralyk,

    Mekgä giden ýaly uzak, gaty daş.

     

    Šu setiriñem hem gyzykly hem jedelli diyen yaly.

    Göz ýaşymdan kemal tapan agymmy?!

     

    Kemal – kämillik bolsa, göz-ÿaš döküp, aglamakda (kâmil) professional boldum diyen many çykyamy? Göwünli-göwünsiz agy, yalanjykdan agy, öwrenje agy, kâmil agy…

     

    Üstünlikler!

    1. “Kemal tapmagyň” “döremek” manysam bar. Özem şol manysy has aktiw ulanylýa.

      Teswirlemäge ilgezikligiňiz begendirýär, ýöne köplenç setirlere ters düşünýäňiz, düýbünden başga hörpden gopýaňyz . Howlukmaçlykdanmyka ýa?

      Awtorlara gowy kömek bolýa, dowam ediň!

      1. “kesbinden kemal tapmak” düšünjesini düšündirayda.

        pikirimce kärinde, hunarinde kämillige yetmek, bir derejelere barmak.

        kamillik yašy – cagalykdan cykyp belli bir yasa yetmek.

        goshgy setirindaki “kemal tapmak” doremek manysyndan uzak yaly. (doremegem-kan kabul edemok). “tapmak” diyya, ya-da yetmek, kemala yetmek.

        mysal ucin “ene garnynda kemala geldi”-de döredi many yok, damjanyñ ynsan šekiline cenli gelen ôsüšini anladya, kemala gelišini, kemal tapyšyny anladyar, emma döremegi anlatmayar.

         

        umuman, pikirlerimi howlukmac yazyan bolmagymam mumkin.

        Yone, geregini alyp, galanyny unudyp goyberin.

        1. Kesbinden kemal tapnak, kämillik ýaşy – olar başga. Düýbünden.

      2. Mukam,

        Göz ýaşymdan kemal tapan agymmy?!

        Aglamak – göz ýaşdan kemal tapýarmy ýa gözüň ýaşy aglamakdan kemal tapýarmy?

        Göz ýaş aglamakdan döreýär, bilişimçe. Agy göz ýaşy döredýär.

        Seniň pikiriňe görä, “Göz ýaşymdan dörän (kemal tapan) agymmy” bolýa öýdýän…

         

         

  2. Maňa bildirmäni – bildirmän diýjek bolýandyr weli, -i goşulma artyk şu ýerde.

  3. “…ruhummy ýa özümmi?” diýýän ýerinde bir bulaşyklyg-a bar.

      1. Ruh = Ruh

        Ten = Ten

        Ruh + Ten = Öz

        1. Ten – Ruh = Meÿt

        2. Meýt + Açlyk = Zombi

        3. Ruh + Ten × Añ ÷ X = Adam

          X – näme?

          Meseläni çözüñ.

  4. Jahantäç, kakaňdan soraý-da, nähili manyda getirdikä şol sözi ? Ýalňyşymy bilesim gelýä

  5. д
    дикобраз:

    …Sen meniñ ruhummy ýa-da özüñmi?!

    Şeýle ekeni. Men ýalñyş goýberipdirin.

  6. д
    дикобраз:

    …Göz ýaşymdan kemal tapan agymmy?!

    Mukam, seniñ aýdyşyñ ýaly döremek, kemala gelmek manysynda aýdypdyr.

  7. Gor yeke harpyn oynuny oson sen sozuna gurruninem etme

    Peykam sen weli getirip matematikany sokjak bolyan ozem basga basga alanlara cenep atan okuna koplenc nysana degsede kate atan okun nysanan yanyna degmeyar yone atanyna degya yatanyndan atyl galmaly

  8. Men ýatyp atýan, Näteñet.

    Ýokarda matemantyky däl, filosofsky meseläni nyşana alyp, orta atdym.

  9. Aleyt senem pelsepan name dahly bar barde name bu yeri atan atdykmy Atanlykda biri x tapsa uslypmydyr sol Matematikacylan isi tukenerda onson

    1. – Q, dogry ýaz indikide.

      – Men däl, telefon.

Teswirle

E-mail salgyňyz görkezilmez. Hökmany setirler * arkaly belgilenen.