Poeziýa

Seni söýmek /Süleýman Hojanepesow

Seni söýmek – rahat tapmagy janyň,
Seni söýmek – giňemegi dar dünýäň.
Seni söýmek – bu çüwdügi ykbalyň,
hem bahasyz peşgeş baky berilýän.

Seni söýmek – duýup bilmek bar zady,
Ýaşamak dünýäni ýaşan şekilli.
Ýeke salym synlap durup bir zady,
Görüp bilmek başga zadyň şekilni.

Seni söýmek – hasratyňy egisýän
ylhamyň jomartça eçilmegidir.
Yşkdan gara gözüň kör bolmagy däl,
Gaýta gapyl gözleň açylmagydyr.

Saňa bolan söýgim bilen tapdym men
Mydam öz özümi ýitiren wagtym.
Men bagtly diýmäge çatmaz aklym meň,
Seni söýmek – çeni-çaky däl bagtyň.

13+

11 jogap “Seni söýmek /Süleýman Hojanepesow

  1. Beýle urga garaşmandym düýşde-de —

    Senem meni söýýän diýdiň, dilberim!

    Oýansamam, egsilmedi jadysy —

    Ysyn çekip bereýinmi gülleriň?!

     

    Ýokarky goşgyň täsirinden döränje setirler…

  2. “Seni söyüp, göz yetirdim bir zada –

    Kynçylyk yok, ejizlik bar dünyäde!” – diylip yazylandan soň okamak agyrrak düşdi.

  3. Seni söýmek – duýup bilmek bar zady,Ýaşamak dünýäni ýaşan şekilli.

    Hakyky!

  4. seni söýüp – janym rahat tapdy, dünýäm giňedi, ykbalym çüwdi, bar zady duýup başladym, ýaşan şekilli ýaşap başladym….  diýýär şahyr. aslynda standart söýgüler – ýandym, bişdim, köz boldum, däliredim, daga-düze çykdym, diwana boldum, aklymy ýitirdim…. ýaly otrisatel suratlandyrylagan. Sýleýmanyňky – položitel. bu gowy. (“ýakdyň Süleýmany” gulagyma eşdilip gitdi) 🙂

     

    Seni söýmek….
    Yşkdan gara gözüň kör bolmagy däl,
    Gaýta gapyl gözleň açylmagydyr.

     

    söýgi kör eder diýilýärdi.
    bu ýerdäki “körlügiň” manysy – söýýän kişi söýgülisiniň kemini görmez (kör ýaly), yňdarma söýer…. diýen ýalyrak.
    emma, Süleýmanda tersiniň gürrüňi – söýgi kör gözleri açar….
    bolup biler. sebäbi Gurbannazaryň wariantynda-da söýgi akyly, gözýetimi giňeldip bilipdir “Seni söyüp, göz yetirdim bir zada…”
    onuň üçin söýgiň kör gözlerede peýdaly bolup biler.

     

    Men bagtly diýmäge çatmaz aklym meň,
    Seni söýmek – çeni-çaky däl bagtyň.

    “men” – “meň”-lere bir zatlar diýesim gelip, diýip bilemok.
    “akyl çatmaz”-a hem käýýemeli ýaly.
    bir zada düşünmeseň, aň ýetirmeseň – “aklym çatanok” diýilenokmy?
    bu ýerde “dilim baranok”-a meňzeş bir zatlar bolmaly ýaly.

    —-

    üstünlikler!
    30/07/2020
    15:30

  5. söýgi mowzugy üçin juda çepiksi goşgy bolupdyr. konwertlary bezemek üçin ştaplanýan dežurny goşgular ýaly.

  6. Üýtgeşik täsir galdyrdy… Söýgi hakyndaky bir topar lenç edilen goşgulardan sowarak ýazylmaga çytraşylandygy bildirýär. Höwürsiz bolmasyn! Yzy gür Süleýman!

  7. Öñki günler düşer ýada,

    Çap ederne kän garaşyp

    “Guda”borduk neşirýada

  8. adamyn añyna gowy tasir edyar. Sozleri yerlikli manyly ulanylypdyr

  9. Gaty gowy. Men-ä S. Hojanepesowyň goşgularyny gowy görüp okaýan. Onuň duýguly setirlerinde täzeçillik bar. Galamyňyz mydama ýiti bolsun!!!

Teswirle

E-mail salgyňyz görkezilmez. Hökmany setirler * arkaly belgilenen.