Proza

ATGULAKSYZ TABYT / Hydyr Amangeldi

(Hekaýa)

 

Oraz nämä oýananyny bilmedi. Gözüni açdy. Gara öýüň ortasynda ýanýan ot söneňkirläpdir. Hersi bir dulda, başly-barat ýatan on-on iki ýigidiň hemmesem Köpetdagyň etegindäki obalardan ýygnan, tanalýan mergenler, awçylardy. Oraz olaryň ikisinden galanyny öňden tanaýardy, ol ikisem «Bäherden gapdalyndandyrys» diýdiler. Gökdepe galasynyň gabawy ýaňy başlanan günleri olaryň sany ýigrimä golaýdy. Bir öýe sygarmykak diýişenem bolupdy. «Aý, köplük bolsak ýyly ýatarys, üşemeris» diýişip, gülüşip oturanlary düýn ýaly. Häzir olardan galaýsa ýarsy galypdyr. Oraz säher bilen ýüregini gysdyrasy gelmedi. Inçeden uzynak ýigit oglan ýaly ýeňil turdy. Beýleräkde ýatan sazak böleklerinden köreýän oduň üstüne atdy. Közüň reňkiniň owadandygyny. Şeýle owadanlygyňam köze berilşini. Töwerek asuda, ümsümlik. Gündizki çoz-ha-çoz, top oklarynyň gümmürdisi bolmadyk ýaly. Oraz mergen «Daňam golaýlaberendir-le, täret kylaýyn» diýip, eli kündükli gapa ýetiberende gelen iňňildä gaňryldy. Iňlän bir-iki günlükde çigininden ýaralanan dosty Haljandy.
– Haljan!
– Ýok-laý, bilmän bijaý agdarynaýypdyryn. Näme, ýataňokmy?
– Aý, indi daňam golaýlandyr.
– Hmm. Ýene azajyk irkileýin-le…
Haljan gözüni ýumdy. Öz ýanyndan «Men ýarasy gutulandyr öýdüp ýördüm» diýip daşaryk çykany bilen ýaňja tamdyrdan çykan çöregiň janyňy alyp barýan ysy Orazyň burnuna urdy. Iki öý beýleräkde tamdyr garalyp görünýär, aňyrragyndanam bir garryja ene eli kündükli barýar. Birdenem horazyň sesi geldi. Oraz gulaklaryna ynanmady. Bäh, horazam bar eken-aý. Hamala gabawam ýok, urşam ýok. Gün çyzylar, bary ýene başlanar. Ol namazyna howlukdy.
Gökdepe galasynyň gabalanyna on-onki gün bolupdy. Emma ol günleriň hersi bir aýa, bary birleşibem uzyn tükeniksiz ýyla süýnene meňzeýärdi. Duşmanyň gelşi gazapdy. Galaň içinde ýarylýan top oklarynyň derdinden ýer goduk-godukdy. Näçe hüjüm yzyna gaýtarylyp, näçe ors gyrylanam bolsa edil äjit-mäjit ýaly birini öldürseň ikisi döreýärdi.
Oraz namazyny okap boldy-da tüňçeleri suwdan dolduryp oduň alkymyna süýşürdi. Oýaly-ukuly ýatan ýigitlerem birlän-ikilän örüp ugradylar. Diňe Haljan bir elini ýarasynyň üstüne goýup süýji ukuda ýatyrdy. «Entek namaza maý bar-la, tüňçeler bir gaýnasyn» diýip zol dostunyň ýüzüne seredýän Orazyň ony turuzasy gelenokdy. Tüňçelerem howlugsaň-a rikge eder welin, häzir hasam çalt gaýnady. Oraz sazagyň egri şahasyny olaryň biriniň sapyndan geçirip öňüne çekdi-de çaý demledi. Ahyry nälaç «Haljan! Namazyň geçýä» diýdi. Elini beýleräkde ýatan käsä uzatdy. Käsäni eline alandan ýüregi jigläp gitdi. «Bäh, muň meňzeşdigini.»
O wagtlar Oraz ýaňy hyrly götermäge ýarapdy. Birinji gezek dogany ony käkilige, awa äkidipdi. Awlary oňupdy. Hatda dogany oňa iki gezek hyrlysynam ynanypdy. Iki okam boş geçmändi. Doganynyň «berekellasynam» alypdy. Ynha, hamana dag goçyny alyp gelen ýaly Oraz uran käkiliklerini (elbetde içinde doganynyňkylaram bardy) ejesiniň oňünde goýupdy. Ejejsi «Tüweleme, siziň tohumyňyz mergen-ä» diýip arkasyna kakypdy. Şonda aýagy büdredimi ýa-da bijaýrak ýapladymy hyrly söýelgi ýerinden ýykylyp, nili gyrada duran akja käsä degipdi. Käse dik ikä bölündi.
– Wah… haýt… Eneňden galanja käsedi…
Bar eşiden käýinjem şo boldy, ýöne Oraz sygyr döläň arkasyna geçip aglapdy. Ejesi bir salymdan gelip başyny sypap «Men saňa käýýemedim-ä, oglum» diýip köşeşdirip öýe alyp gelipdi. Doganam: «Aglak oglandanam awçy bolarmy?» diýipdi. Şodur-şodur Orazyň gözüne ýaş aýlanmandy. Hatda şol dogany ýogalanda-da.
Aslynda, ýigrimi-ýigrim iki ýaşlaryndaky Oraz üçin dünýede düşnüksiz zat ýokdy. Ölüm-dirilik, ýalan-çyn, mertlik-namartlyk, akyllylyk-akmaklyk edil ak bilen gara ýaly aýyl-saýyldy. Heniz nätjegini bilmän, aljyrab-a görmändi welin, şeýle güne düşäýse-de ýaşulularyň maslahatyna eýermelidgine ynanýardy. Dünýede öler jany ýaşulularyň gürrüňini diňlemekdi. Şonuň üçin ol gereginden artyk gürlemezdem, jedele-de goşulmazdy, howsala-da düşmezdi. Kän bir oýlanyp, pikire batyp, dünýä haýran bolubam ýörmezdi. Içini hümledip oturan birini görse-de ondan bahymrak daşlaşanyny kem görmezdi. Onuň üçin ähli zadyň bir tarapy bardy – olam öňüdi. Sagy, çepi, arkasy, aşagy, ýokarsy – bularyň bary öň tarapyň belli bolmagy üçin ýaradylan goşmaça taraplardy. Hatda ygrar, lebiz, mertebe, ar-namys, dost, duşman… ýaly meselelere-de şeýle serederdi.
Gala gabalyp, uruş başlanaly bäri-hä Orazyň ýüregine hasam parahatlyk gelipdi. Ähli zat düşnükli. Her kim, başa inen agyr güni gerşinde çekýär. Gahrymançylyk görkezmegem, ajala el bulamagam ýok. Edil şonuň ýaly bigaýratlaýanam ýok. Oraza galanyň depesinden ýörite mergenler üçin edilen garawul diňinden ýer görkezdiler. Öňüňde-de duşmanyň geljek tarapy – at gaýtarym ýer. Arka-da ýok, sag-solam. Tä demiň tükenýänçä ýa-da duşman gyrylyp gutarýança nyşana almaly, mäşäni gysmaly. Okuň boş geçmeli däl. Bolany. Elbetde, her kimiňem, şolaryň arasynda Orazyňam, diňe gaýry dinliň gödeňsi ädikleriniň tozanyny, naçarlarymyzyň dat edip gaçyşlaryny göresi gelmeýärdi…
Erňegi gyzyl çyzyklyja akja käsä çaý guýunan mergen saçakda çöregiň ýokdugyny gördi. Irdenki ys täzeden burnuna uran ýaly boldy. Galdaw ýigit çalasyn ýerinden turdy.
– Haljan, çaýyň başyna geç, men çörek alyp geleýin.
Tamdyryň gyzgynam entek gitmändir. Oraz ardynjyrady-da işigi açdy. Şol pursatam… Ol oňa seretdi. Olam oňa. Ol elindäki saçagy uzatdy. Olam aldy. Soňam tamdyrdan ýaňy çykan ýyljak çörek Orazyň bokurdagyndan geçmedi. Sähelçe wagt. Bolmanam biljek, bolmanda-da bolmandygy bildirmejek suw ýuwdum wagt. Dört örüm gara saçlar. Mähirden, ýylydan doly balkyldap duran maral gözleriň dözümsiz, nebsi agyryjy seredişi. Birdenem gyzyň ýüzüniň gyzaryp gidişi, nazarynyň aşak bakyşy. Ýene-de köp zatlar – bu dünýä sygmajak, onuň gursagyna-da şonuň üçin sygmaýan, asla düşündiribem bolmaýan zatlar şojagaz wagta sygyp geçip gitdi. Geçip gitdimi ýa-da gelip Orazyň döş kapasasyna girdimi? Bir ýüregiň zordan ýerleşýän ýerine ikinji gysylyp salynan ýaly boldy. Ýeke ýürek ýalňyz özi özbaşyna beýle gürsüldäp urarmy? Ol şu wagta çenli ýüreginiň bardygynam bilmeýärdi ahyryn.
Orazyň ýadyna bir gezek Haljan bilen suwa gelýän oba gyzlaryny gamyşlykda bukulyp, synlaýyşlary düşdi. Gün guşluk wagtlarydy. Gyz synlajak diýip, olaryň ýoluna howsala bilen seredişip otursalaram, ikisiniňem garagaýgysy gyzlar däldi – bolup ýörüşleri ile peçan bolaryndan gorkýardylar. Birdenem gyzlar bäş-alty bolup güsärdeşip geldiler. Dünýeden bihabar gülüşip, küýzelerini suwdan dolduryp, ýaşyl-gyzyl öwsüşip deňlerinden geçip gitdiler. Orazyň welin, ýüregi sähelçe-de üýtgemändi. Gaýta özüni ogurlyk edýän ýaly duýup, bolşundan utanypdy. Gyzlar gidensoň iki dostuň ikisem seslerini çykarman gamyşlykdan çykyp gaýdypdylar. Diňe Halja «Meň ýaly eşek ýokdur-laý» diýipdi. Ol gyz synlamak pikirini tapany üçin özüni gynaýardy. Bu waka öňki uruşdanam öň bolupdy. Azyndan üç ýyla geçendir.
Ýene top oklary ýeri sarsdyrmaga başlady. Mergenler ýerli-ýerden hyrlylaryny alyp, galaň depesine alňasadylar. Käselerde ýarpy galan çaýlar sarsgyna titräp galdy. Şuwlap gelýän oklaryň gala ýetmän ýarylýany, ary köýen ýaly galyň diwara urulýany, galadan aşyp içine düşýäni haýsy. Ýeriň goduklaýşyny, galaň oburlyp gaýdyşyny Orazyň gözem görýär, gulagam eşidýärdi, emma göwnüne bu zatlar düýş, ýalan ýalydy. Öň «Wah, şu toplary bolmasady, atyşsalar, gylyç salyşsalar ýeňilsegem mert ýeňilsek» diýýän ýigidiň akylynda ne ýeňiş bardy, ne-de ýeňiliş. Ol biparham daldi, emma urşuň parhynam öňki ýaly duýmaýardy. Hyrçyny dişläp «Hany, gaýratyňyz bolsa, biiňiz boýnuňyzy görkeziň» diýip mäşäni gysmaga taýýar bolup ýatan mergen şol bir wagtyň özünde-de ala daňdanky eli saçakly gyzyň akylyndangitmeýänine nähili düşünjegini bilmeýärdi. Ýigitligiň joşguny diýse, oňa sähelçe-de pis pikir bilen seretmändi. Dogrusy, seredeninem bilmeýärdi. Onuň diňe gözleri görüpdi, ýüregem kabul edipdi. «Gala elden gitjek bolup durka bigaýratlap, ejizläp ýördügimmikä?» diýip oýlanan ýigit ýeke duşmanyň görnenini dileýärdi. Hamala öz gaýratyny özüne subut etmek isleýäýärdi. Hakykatdanam, ýüregi ýerinden üýtgäne meňzese-de, hyrlyň uzyn nili çalaja-da titränok. Gurşun gülle edil barmaly ýerine nokat goýan ýaly barjak.
Bi ýerde ölüm bilen jan çaknyşanokmy?
Oraz ajy ýuwdundy. Kyrk-elli ädim öň ýanynda ýarylan top okundan onuň gözýetimi tozana gaplandy. Ol bolsa tozanyň arasyndan gyzyň köýneginiň alaja bagjygynyň döşüni tutup duran gülýakasynyň üstünden çalaja sallanyp durşuny aýyl-saýyl görýär.
Mergen göz gytagyny murty ýaňy garalyp başlan oglanlara aýlady. Iki sany ýigidekçe-de hersi bir ýaragy okdan dolduryp, mergene uzatmaga taýýar bolup dur. Ahala belli Oraz mergene kömekçi edilip her öňýeten oglan bellenmeýär. Olar buýsanç bilen mergene seredýäler. Gurşun gülleleri, dykylmaly keçe bölejiklerini, hatda därä çenli ölçege laýyklap taýýar edip goýupdyrlar.
O ýyl Oraz oglandy. Edil şu işşekçerleriň ýaşyndady. Garahassalyk diýdiler, «awçy jigim» diýip ýanyndan aýyrmaýan doganyny alyp gitdi. Şonda ejesi onuň tabydyna atgulak daňypdy. Öýlenmän dünýeden öten ýigidiň tabydynyň baş ujuna atgulak daňylýanyny Oraz şonda görüpdi. Iki sany biri gyzylja, beýlekisi gülli matanyň şemala pasyrdaýşyndan ol tä gonamçylyga barýançalar gözüni aýryp bilmän gidipdi.
Şol atgulaklaryň şu wagt ýadyna düşmesinden mergeniň süňňi gowşap gitdi. O matalar beýle-de dursun, Oraz ömri gysga ýazylan agasynam kän bir ýatlap öz-özüni örtäp ýörmeýärdi ahyryn. Ýa şeýtanyň oýnymyka? Duşmanyň gelşi, çadyr gurap, galany etekläp ymykly oturşy, ok-däriň, mergenleriň, batyrlaryň gün-günden azalmasy, indi näçe gündir adamlary alada goýan, ýeriň aşagyndan gelýän düňküldi sesleri… ýüregimde howsala, gorky döredip ýörmükä? Ajalyň özünden gelşi gorkunçmyka?
Gorkyny bilmez adam-a ýokdur. Ynsan haýwan däl ahyryn, damagynyň çalynjagyny bilse-de arkaýyn ideklenip barar ýaly. Aý, haýwanam aňsat arkaýyn ideklemersiň, gaty eldeki janawer bolaýmasa. Ýöne ynsanyň ölüme düşünşi haýwanyň düşünşinden başgarak bolaýmasa. Ölüm bir zat, gorky başga. Ajaldan gaçyp gutulmak ýok, bir başa bir ölüm – oňa düşünip bolýar, kaýylam bolýaň ýöne gorky başga – ony düşündirip bolmaýa. Ýüregiň gopmasa aždarha geläýsin, emma bir gopsa…
Sähel salym öň saçagy alyp, zordan «Taňryýalkasyn» diýeňde ýüregim gopdy diýjek bolýamyň? Hakykatdanam şo wagt menden beter özüni ýitiren kim bardy bu dünýede? Gorky diýilýän şomuka? Adam gorksa utanmazmy, ýöne Oraz şol pursaty aňynda aýladygyça, gaýta, ýüregi süýji, ýakymly syzlaýardy. Niçik boldy bar zat birden reňkini üýtgetdi. Hatda gorkam tanadanok. Ölüm diriligiň içine girip gitdi, dirilik ölümiň, ak gara siňdi, gara aga. Birdenem doganynyň tabydyna daňylan mata bölekleri pasyrdap ýüzüni sypap geçen ýaly boldy. Şol bada-da duşman tarapdan gara göründi. Oraz sähel salymda ony didiwana mündürdi. Demini sähäl saklap, mäşäni gysdy. Gara ýere ýazylyp gitdi-de gaýdyp turmady. Endikli eller derrew tüpeňi çalyşdy. Duşman top okundan soň pyýada goşuny bilen hüjüme geçýärdi. Oraz yzly-yzyna ýaragyny çalyşýardy. Üç hyrly yzyny üzmän diýen ýaly boşaýardy. Tüpeň arassalanýan demir çybygy işledýän ýigdekçeleriňem eline göz ilmeýärdi. Däri, keçe, demir çybyk, gülle, keçe, ýene demir çybyk… Gözüne urulan ýaly haýdap gelýän duşman mergen mäşäni gysandan kä eplenip çökýärdi, kä diňarkan serilip ýykylýardy ýa-da köki kesilen ýaly bir gapdala ýatyberýärdi. Mergeniň bir okam boş geçmýärdi, emma şol iki arada-da gyzyň suraty görnüp gidýärdi. Ol Oraza bir zatlar diýjek bolýana meňzeýärdi.
Kimden maslahat sorajak, haýsy ýaşulyň ýanyna barjak, kime ýagdaýyňy aýtjak? Saňa häzir Haljanam düşünmez.
Duşman esgerleriniň hatary seýreklese-de olar gitdigiçe gala ýakynlaşýardylar.
– Çaltlaşyň, jigilerim…
Oglanlar haýdap tüpeňe ok sürýärdiler. Gyşyň örküjinde edil tomusyň jöwzasnyň aşagynda ýaly derleýärdiler. Orazyňam maňlaýy çygjardy. Ol indi känbir siňňitli nyşana alyp oturman mäşäni gysgysmaga gyssanýardy. Ahyry ol uludan demini aldy. Gala ýetip bilmejegine gözi ýeten goşun yza çekilmäge başlady. Atlylar muňa garaşyp duran ýaly «Alla!» diýip ýeňse beren duşmanyň üstüne eňdiler. Duşmanyň az sanlysy çadyrlaryna özüni atyp ýetişdi. Ýigitlerem mundan artyk ýakynlaşman yzlaryna dolandylar. Oraz bolsa yzyna öwrülip, hyrlysyna maňlaýyny diräp aşak oturdy. Gözlerini ýumdy. Burnunyň çala bildirýän örküjini hyrlyň niline oýkady. Emma ol ne däriň ýiti ysyny, ne-de gulagynyň tüpeň sesinden soň şaňlamasyny duýýardy.
– Ýezitler, tohumyňyz tükenýänçä geliň. Gala gerekmi size!
– Därimiz azalýa.
– Olaram azalýandyr. Haram nejis kapyrlar…
Oraz kömekçi oglanlaryň özara janygmasyna gözüni açdy. Olaryň gazapdan ýaňa düwülen ýumruklaryny görüp ýene gözüni ýumdy.
Bularyň ýüreginden orsa bolan ýigrenç uruşdan soň bir aýrylarmyka? Demir ýol çekjek bolsaň hökman uruşmalymyka? Hoşamaýlyk bilen bolýan däldir-dä, elbet. Özüni sylaýan hiç milletem top süýräp geleniň üçin öňüňde dyz epmez ahyryn. Şu çagalaryň, olardan bolanlaryňam ýüreginde diňe ýara däl, ýigrenjem galar. Edil ýaňy meň elimden amanadyny tabşyran orsam ýeke-ýeke sanardan kän. Tä olaryň gana suwsap gelmändiklerine, uruşmaly diýlensoň uruşandyklaryna düşünýänçäler bu oglanlardan orsa bolan ýigrenç gitmez. Gany gan bilen ýuwjak bolarlar.
Oraz ýüzüni tutdy. Mergen henize çenli beýle pikir etmändi, duşmana nebsi agyrmandy. Ol bu oýlary daňdanky duşuşygyň etdirýäni diýip düşündi.
Seň toý edesiň gelýärmi? Bu gyrgynçylykda toý küýsediňmi?
Mergen ýüreginiň çuňluklaryndan gaýdan bu kesgin, ýowuz soraga sowukganlylyk bilen «Hawa» diýenini duýman galdy. Gözlerini açdy. Şol bada-da tarapyň müň dürli goşmaça taraplary ýitirim boldy. Ol özüniň göni garagyna garady. Hawa, toý edesim, nikamyň gyýylanyny isleýän. Şu urşuň bolmanyny isleýän. Dagy bolmasa ony ýene bir göresim gelýär. Ýüregiňi bu dünýede goýup, özüň o dünýä gidilmez. O diňe bir ýüregimmi?!
Garaşman durka oýanan bu duýgy indi Oraza şeýle bir düşnüklidi, emma onuň düşnükliliginden bu başa inen bela akyl ýetmejek, düşündirip bolmajak derejede düşnüksiz bolýardy. Ol özüne tarap agzyny açyp, bogazyna sygdygyndan gygyryp gelýän murtlak, sary ors esgeriniň bolup gelşine, garnyndan giren güllüň agyrysyna sakga durup, iki büklüm bolşuna, beýlekileriň bolsa muny görmeýän ýaly beter özüne tarap dyzaýyşlaryna, bäş ädim ätmänem topragy penjeläp ýykylyşlaryna – bu gyrgynçylyga düşünmeýärdi.
– Bir başa bir ölümmidir? Ajalyň ýetmese ölüm ýokmudyr?
Bu sese Oraz gözlerini ýalpa açdy. Ses galaň derwezesiniň öňünde ata çykan, eli ýalaňaç gylyçly ýigitden gelýärdi.
– Şol ajal-a şu gün ýetse-de ýeter, ýetmese-de. Hany göreli, ýetýämi ýetenokmy?
Ýeke atly top oklarynyň çykýan ýerine, duşmanyň çadyrlaryna tarap at goýdy. Hiç kim ony saklabam bilmedi. Nämäň-nämedigine düşünilýänçä ol ýigit eýýäm ala-basga düşen düşman hatarynyň bir çetinden girip, öňünden çykany ýatyryp barýardy. Şeýdip bir salym daran batyr, bir çen bolandyr-da diýýän ýaly atyň jylawyny gala öwürdi. At janawerem eýesine düşüş derwezä tarap süýndi. Ýigidiň gulagyna ors tüpeňiniň okunyň şuwwuldysy eşdilse-de eden zady bolmady. Aman-sag galaň derwezesine ýeten ýigit gylyjyny asmanda bir bulady-da ýene duşmana tarap at goýdy. Muňa dost-duşman – hiç kim garaşmaýardy. Göz-açyp ýumasy salymda dyzy gara, altynsow mele bedew ikinji gezek duşman hataryna özüni urdy. Gylyç ýetişip bildiginden çar-tarapa galgaýardy, gorkusyna näderini bilmeýän agyr goşuny gurt parçalan ýaly parçalaýardy. Batyr aljyraňlylyga düşen duşman aýňalyp ýetişmänkä ýene aty yzyna – gala sürdi. Indi gezek bedewiňki, ol eýesini oduň içinden alyp çykmaly. At ýoly ýarpylaberende büdürän ýaly etdi-de badyna togalanyp gitdi. Honda düşen batyram ala gar meýdanda bir-iki agdaryldy-da ýatyberdi. Şobada bir toplum atly «Alla!» diýip duşmana tarap at goýdy. Olar batyryň jesedini alyp yzlaryna dolandylar.
– Haý, batyr, batyr… Sen ajala aşyk bolduň… Duşmana dowul saldyň. Olara tekäň kimdigini görkezdiň. Dirilikden ýüz öwürip, aşygyňy tapdyň. Men näme etmeli? Sen ýitirip tapdyň. Sen diriligi ýitirip, söýeniňe gowuşdyň, men welin, oňa gözüm düşenden soň diriligem ýitirdim, ölümem. Hiç zatda many galmady. Men tapyp ýitirdim, batyr.
Oraz göterilip gelinýän batyra seredip bilmän ýüzüni duşman tarapyna öwürdi. Onuň gözlerinden ýaş syrygýardy.
– Men batyr däl, ýöne batyrlaň yzynda durmagy başarmasam çöpdüýbi boldugymdyr…
Bu ajy pysyrdamasyny diňe mergen ýigdiň özi eşitdi. Dogrusy, ol janynyň ýangynjyna daşyndan aýtsa-da, özi üçin aýdypdy.
– Mergenler!
Mergenler ýene hyrlylaryny işledip başladylar. Duşman öňki hüjüminde ölenlerinem ýygnaman ýene çozýardy. Megerem, olaram jan howuluna urunýan bolarly.
– Halmyrat kaka! Halmyrat kaka! Halja! Halja kaka!!!
Oraz gaňrylyp dostunyň ok atýan ýerine seretdi. Aslynda seretmese-de düşnüklidi. Ýigidekçeler gaýta-gaýta adyny tutuberdimi, diýmek ol şehit. Halja dostum, şehit. Duşman oky döşünden giripdir. Onuň ak ezýaka köýnegi gyrmyzy donundanam goýy gyzyl görünýä. Ony alyp gitdiler. Oraza onuň bilen hoşlaşmaga-da maý bolmady. Ahyry hatary gowy seýreklän duşman ýene yzyna serpikdi.
– Batyr, sen çyn batyr. Maňa bigaýrat diýerler.
Oraz elindäki hyrlysyny ýeňil oglana berip, aşak düşüp barýardy. Ol alňasagam, howsalalam däldi. Akyly ýerinde, nepesi durudy. Oraz entek galaň depesindekä gyzy ýene bir gezek görmän öläýsem bu bigaýratladygym, bu gorkaklygym diýen karara gelipdi. Ol özüne näme diýseler, näme etseler taýyndy. Onuň dogrusy bir taraplydy. Mergen kim bilýär nämedendir bir zatlardan çekinip, dogrynyň çepini ýa-da sagyny gözlejeklerden däldi. Ýene bir gün ýaşajagam bolsa, ýaşajakdy. Ol gyza duşanyna, has dogrusy duşuranyna Allaha şükür edýärdi hem-de Duşuranyň öňünde özüni jogapkär hasaplaýardy. Dogrusy, ol öz tabydyny görýärdi. Eger oňa atgulak daňylaýsa, ilki özüni günäkärlejekdi, oňa atgulak daňdyrjak däldi.
Senden bidin çöp başy gymyldamaz. Hiç zat bolmadyk ýaly hyrlymy gujaklap, bagrymy ýere berip ýatsam Ýaradanyň öňünde näme jogap bererin? Kapyrdan boldy diýerinmi? Ýaşadym. Ýaşabam ölerin. Ýaşadyp öldürjekdigiň üçin Saňa şükür edýän.
Birden onuň gözüne töweregi – Gökdepe topragy şeýle eziz göründi.
Bu dünýe ýaşanyňa-da, urşanyňa-da degýän dünýe. Şeýle bolmasady urşulmazdy.
Belki, Orazyň bolşy köp kişi üçin düşnüksiz, geň görüner, emma onuň özi üçin öte düşnüklidi. Ýigidiň özi ýaly sadady.
Oraz hälki çörek alyp gaýdan öýüniň alkymyna geldi. Ýene ardynjyrap işigi açdy…
– Ýok, çörek diýip gelmedim…
– Bilýän.
– Bilýäňmi?
– Gelmedik bolsaň bilmezdim.
Garryja enäniň çybşyldap nireden çykany bildirmedi.
– Näme köşegim, çörek diýip geldiňmi?
Gün asmana galyp, galaň diwarynyň dini başgaň top okunyň zarbyna zordan döz gelýän wagty çörek islenip gelinmejegine garryň akyly ýetýärdi, şonda-da şu dara-direde ýigidiň söm-saýak bolup durşuny başga nämä ýorjagyny bilmedi. Oraz parahat jogap berdi:
– Ýok ene, çörek diýip gelmedim.
Gyz ýüzüni tutup aşak oturandan soň garry nämäň-nämedigine düşündi.
– Jan gerçegim, häzir bu işleriň wagtymydyr?
– Ene, belki… ertire galsak hakykatdanam ikimiziem kysmaty ýaman bolarys.
– Nädeýin, oglum? Meň elimden näme gelýär?
– Işan agany alyp gel, nikamyzy gyýdyr. Sen bu işleriň ugruny bilýänsiň.
– Häzirmi?
– Hawa. Wagt bolsady bu gyssanmaçlyk geregem bolmazdy…
Şol gün Oraz mergeniň nikasy gyýyldy. Gala-da şoňa garaşan ýaly ertesi ýaryldy.

3+

9 jogap “ATGULAKSYZ TABYT / Hydyr Amangeldi

  1. öňem internetden okapdym.
    öň duýmadyk zatlarymy täzedenem duýup hezil edip okadym.

    Orazyň meňzeş gören käsäni eline alyp oňa çaý guýýança aralykda bir topar wakalaryň sygdyrylmagyny haladym.

    Doganam: «Aglak oglandanam awçy bolarmy?» diýipdi. Şodur-şodur Orazyň gözüne ýaş aýlanmandy. Hatda şol dogany ýogalanda-da.

    gahrymanyň häsiýetini açmakda gyzykly bir detal – aglamazlygy. “hat-da dogany ýogalanda-da” diýip dogany barada-da gürrüňi ýapandyr öýtdim welin soň aşaklarda doganyna ýene gaýdyp gelinýär – öýlenmedik doganynyň tabydyna “ejesi …atgulak daňypdy. Öýlenmän dünýeden öten ýigidiň tabydynyň baş ujuna atgulak daňylýanyny Oraz şonda görüpdi“.
    wakalaryň dowamynda ölümini boýun alan Orazyň dogany ýaly atgulakly tabyda münmek islemeýişi, tabydynyň atgulaksyz bolmagyny isleýişi tolgundyryjy (başga söz tapmadym). hekaýaň simwolik özenem şol – tabydyň atgulaksyzlygy…. nesilsiz ölmegi islemezligi…

    —-

    Onuň üçin ähli zadyň bir tarapy bardy – olam öňüdi. Sagy, çepi, arkasy, aşagy, ýokarsy – bularyň bary öň tarapyň belli bolmagy üçin ýaradylan goşmaça taraplardy….

     

    Orazyň häsiýetiniň лобовой-lygam gyzykly. ol hekaýadaky ähli kararlary şol häsiýeti bilen, diňe “öň tarapyndan” seredip kabul edýär. gala ýarylmagynyň öň ýany öýlenmek karary alyşy…. nesilsiz gitmek gorkusyndanmy, ýa başga zatdanmy… ony her kim özüçe pikir etsin. Oraz özüniň dogry hasaplan kararyny berdi.

    …her kimiňem, şolaryň arasynda Orazyňam, diňe gaýry dinliň gödeňsi ädikleriniň tozanyny, naçarlarymyzyň dat edip gaçyşlaryny göresi gelmeýärdi…

    ýene halan ýerim – hiç kim gahrymanlaşdyrylmandyr, öwlüp arşa göterilmändir. diňe şol günlerdäki halkyň real ýagdaýy. halk başyna gelenini çekýär, ýurduny goraýar. (hat-da Orazyň duşmanlar barada položitel pikirlenýän ýerlerem gyzykly bolupdyr).

    Ýene-de köp zatlar – bu dünýä sygmajak, onuň gursagyna-da şonuň üçin sygmaýan, asla düşündiribem bolmaýan zatlar şojagaz wagta sygyp geçip gitdi. Geçip gitdimi ýa-da gelip Orazyň döş kapasasyna girdimi? Bir ýüregiň zordan ýerleşýän ýerine ikinji gysylyp salynan ýaly boldy

     

    bir ýüreklik ýere ikinji bir ýüregiň ýerleşdirilmegi, darlykdanmy, başga zatdanmy, ol ýüregiň (ýürekleriň) gürsüldüsi – bir söz bilen aýdaňda ajap, owadan!

     

    Tüpeň arassalanýan demir çybygy işledýän ýigdekçeleriňem eline göz ilmeýärdi. Däri, keçe, demir çybyk, gülle, keçe, ýene demir çybyk… 

     

    sözlemde ritm duýulup gidýär.

    “kysmaty ýaman” bolmazlyk üçin, “tabydyna atgulak daňdyryp, özüni günäkär duýmaz ýaly” ertire galman “bu gyrgynçylykda” Orazyň nikalaşmak karary – belki, iň dogry karar.

     

    Şol gün Oraz mergeniň nikasy gyýyldy. Gala-da şoňa garaşan ýaly ertesi ýaryldy.

     

    Orazy atgulaksyz tabyda mündürendirler… onuň nesliniň bolsa dowam edenini-etmänini her kim özi çözmeli…

    ———————-

    kiçgene belliklerimem bar.

     

    1)
    Oraz ardynjyrady-da işigi açdy. Şol pursatam… Ol oňa seretdi. Olam oňa. Ol elindäki saçagy uzatdy. Olam aldy. 

     

    çörek diýlip gelenini nirden bildikä, saçak uzadýar welin? ýa öňem şol öýden çörek alýadymyka? oň ol gyza gözi düşmedimikä? ýa çörege başgalary bardymyka?

    —-

    2)
    Oraz bolsa yzyna öwrülip, hyrlysyna maňlaýyny diräp aşak oturdy. Gözlerini ýumdy. Burnunyň çala bildirýän örküjini hyrlyň niline oýkady

     

    “hyrlynyň maňlaýa direlmegini” başgarak sözlemde berip bolmazmyka? ýöne soňundaky “hyrlyň niline burnuny öýkamagy” gowy bolupdyr.

    3)
    – Şol ajal-a şu gün ýetse-de ýeter, ýetmese-de. Hany göreli, ýetýämi ýetenokmy?
    Ýeke atly top oklarynyň çykýan ýerine, duşmanyň çadyrlaryna tarap at goýdy. 

     

    şu ýerde-de eýýäm top oklary atylyp gutaryp, pyýada goşunyň çozuşynyň yz ýanlary bolany üçin… garaz, şol wagt top oklary çykanok. belki “…çykýan ýerine” däl-de “çykan ýerine” bolmalydyr.

    —————

    Hydyr aga.
    gökdepe temasyna Oraz gahrymanyň häsiýeti ýaly “лобовой” seretmän, sagyndan, çepinden yşyk tutup o günleri duýduryp bileniňize sag bol aýdýaryn. gowy hekaýalaryňyzyň biri.
    ömrüň uzak bolsun.

    01.08.2020
    15:00

     

  2. goýlan surat barada.
    suratyň ýokarky bölegi gaty gowy gelişýär, edil, galanyň ýarylyp tozany asmana galyşy ýaly.
    ýöne aşaky böleginde eli transporantly paraddan geçip barýanlaram görünäýýän ýaly…

  3. Gurbannazaryň saz älemindäki gözýetimi juda giňdi. Hindi, rus, ermeni sazlaryny gowy görerdi. Eline dutar alyp, şolaryň aýdymlaryna hiňlenerdi. Bir gezek dostumyz Baýram Amangeldiýewiň ekiz inileri Hydyr bilen Ylýas Oba hojalyk institutyny tamamlany sebäpli çakylyk etdiler. Hydyr bilen Ylýas şol çakylykda magnitofona Gurbannazaryň goşgularyny ýazdylar. Men şonda Gurbannazaryň sazandasy bolup, oňa bir-iki sany hindi aýdymlarynyň owazyny aýdyp bermegi haýyş edipdim, Gurbannazar goşgy okady, men ýanynda saz çaldym.  “Meniň dostum Gurbannazar. ”  Derÿa Baÿramgulyÿew 

  4. Muhammet basyldy Bedriň jeňinde

    Bir niçe Musulman galdy çaňynda.

    MAGTYMGULY

    Gökdepe şehitleri hem BEDRIŇ şehitleri ýaly şehit bolmak arzuwda söweşipdirler ýeňmek üçün dälde .Gör nähili Gahryman dindarlyk.

    1. Alladurdy dost Bedir söweşinde musulmanlar ýeňilmediler.

  5. I am glad for writing to make you know what a magnificent encounter my friend’s girl gained studying your web site. She learned several pieces, which include what it’s like to possess an awesome helping nature to let other folks very easily know just exactly several multifaceted subject matter. You truly exceeded people’s expectations. Thank you for presenting these powerful, safe, explanatory and in addition fun tips about this topic to Kate.

Teswirle

E-mail salgyňyz görkezilmez. Hökmany setirler * arkaly belgilenen.