Proza Täze eser

EDEP BAŞY / Ahmet Mele

(Bolan waka) Muny, belki, sizem eşidensiňiz-le! Özem hut öz agzyndan. Sebäbi onuň dili uzyn –– islän ýerine ýetýär. Beý diýsemem göçme manysyndadyr öýdüp, «öwünmäge hakly» diýip pikir etmäň-de, göni manysynda düşünip goýberiň, çünki olam şeýdýär, bir zada doly aň ýetirmän […]

Poeziýa Täze eser

O.W /Allanur Bathyz

Leýlini, Mejnuny agladan söýgi, Perhat ýolun daga bagladan söýgi… Gündelikden Sen kime ynanýaň, ynjaýaň kimden, Düşünip soňuna garaýamyň ýa? “Söýýän-söýýän” diýip şu çekýän derdiň Rahat ýaşamagňa ýaraýamy ýa? Asman ýere ümür bolup düşleýär, Zemin tozan bolup göterler Göge. …Söýgi hergiz […]

Proza Täze eser

Aýazbaba kazyýetde /Seýitmuhammet Baýhanow

“Aýazbaba, mende hemme zat bar. Meniň bir welosipedim, oýunjaklarym, gyzykly we suratly kitaplarym bar. Ýöne men olaryň hiçisinem halamok. Meniň olar bilen asla oýnasymam gelenok. Men diňe kakamyň oýnawaç güjüjegini¬¬¬¬¬-¬Tokarjany gowy görýän.Tokarja meniň çagalyk dostum. Sebäbi öň kiçijekkäm men, ejem, […]

Proza Täze eser

Eşegiň süýdi /Sylapberdi Muhamow

(hekaýa) Alabahar günleridi. Goňşy oba toýa gidip gelen Ilmät aga ýylgyryp gapydan girdi. -Keýwany, Alla jan işiňi ugruna etse, şeýle bolýandyr-da, indi seniň dert çekip ýören günleriň yzda galaýjak öýdýän. Aýtäç eje gurak üsgürip: -Kakasy, tüweleme senem bir enaýy, her […]

Poeziýa Täze eser

Gözellik /Aýjahan Annabaýewa

Gözelligiň üçin gözýaş dökýäňmi? Aglama dünýäm! Bagt gülüňi küýzejige ekýäňmi?! Topraga ekmeseň kyn bolar, bilýän. Çäk bolar öňüňde, çäkli bolarsyň. “Wäk” bolar kalbyňda, Wäkli bolarsyň… Kyndyr beýle gözelligi gizlemek. Gizlemeseň has kyn, bakar nadanlar. Saňa asla düşünenok joralaň. Saňa asla […]

Poeziýa Täze eser

Söýgi ädimleri /Goçmyrat Orazberdiýew

(Sonetler çemeni) I Ömrüm damdy ak kagyzyň ýüzüne, Günler gözlerime guýdy sabryny. Ýaşap ýördüm ilmän yşkyň gözüne, Bir gözel gyz süýjetdi meň labzymy. Kalbymda üýtgeşik täze Gün dogdy, Bedenime ýaýrady bir ýylylyk. Söýginiň şarpygy maňa-da degdi, Gitdim menem şol “şarpykdan” […]

Poeziýa Täze eser

GOŞGULAR /Altyngözel Amanmämmedowa

*** Eje, haçana çen bukup saklaýyn Söýgi hakda ýazan setirlerimi? Kän temmi alanym – seniň eliňe, (Jigim tarapyndan ýetirlenlermi). Şol gün nokat goýdurypdyň soňuna, Ýadymda, men jigim bilen jetleşdim. Eltip okadypdyr goşgularymy, Şondan soňam söýgüden has çetleşdim. Başga alajam ýok, […]

Poeziýa Täze eser

MIRIADA 1 /Oguljennet Bäşimowa

Keçe basylanda siňip gidýän suw… Hem göwnüň raýynda duran bir ada. Açarny ýitirsem gözlärler, mümkin, Elimde saklasam, endamda bada şerbet berlen ýaly… Heýjanly süňküm Entek dur, ýazaýyn ruhumda Oda!  Şeýle gitme! Menem bir san bolaýyn, Ho-ol pelekleň hatarynda täze bir […]