Poeziýa

Seni söýmek /Süleýman Hojanepesow

Seni söýmek – rahat tapmagy janyň, Seni söýmek – giňemegi dar dünýäň. Seni söýmek – bu çüwdügi ykbalyň, hem bahasyz peşgeş baky berilýän. Seni söýmek – duýup bilmek bar zady, Ýaşamak dünýäni ýaşan şekilli. Ýeke salym synlap durup bir zady, […]

Poeziýa

Pyşyrdy /Rahat Şyhyýew

Uçur​ gözleňdäki​ durnalaryňy. Bu iň owadan aýralyk bolar. Sesim gapyňyzy kakmaz irdenine, Geçelgede barmaz ysym arkaňdan. (Ruhumy ýitirdim. Ýöne bilýärin, Tapjagymy ony siziň raýondan.) Uçur goýnuňdaky kebelekleri. Hem sen aglama ejeň ýanynda, Del sebäbe bukup meniň hatamy. Duýýaňmy ruhumyň her […]

Poeziýa

SAN GOŞULMASY /Gurbandurdy Oraz

Alty ganat ak öýler, Üstünde güneş oýnar, Ýarsyz sowulan toýlar. Giň dünýe daralypdyr. Gazlar geler howlukmaz, Ýazlar geler – gowluk bar, Güýzler gider sowluplar, Giň dünýe saralypdyr. Guşlar kakar heşelle, Bag – olara düşelge, Gyşlar gelip düşerler, Guşlardan ar alyplar. […]

Poeziýa

Bilesim gelýär /Goçmyrat Orazberdiýew

Alysdan neneňsi görünýän, dogan, Dälmi ýa men içgin synlanňa degýän?! Gözleri äýnekli, saçlary ösgün, Arzuwny yzyna düşürip gelýän Oglan öňküler deý ýygra däl indi, Kalby kisesi deý çöwrülip duran. Ähli söýgüsini gözünde jemläp, Ol tüýs bir Mežnuna öwrülipdirem. Günleň kölegesin […]

Poeziýa

“Söz. Jady. Sözler…” /Begmyrat Baýryýew

Söz. Jady. Sözler. Dermany Kalbymyň Gahrymany Arzuw-hyýaly Ýüreklermiziň Joşgun kelamy Zalymyň dilinde Dünýäň zährimary Alym dilinde many Ahunyň dilinde imany Mazlumyň dilinde zary Mejnunyň dilinde-de zary Ýaňlandyrýar ýürekden kelam Çawuş çakýar çabga bolup, Asman Beýik Kelam, Beýik Perman, şol Kelam […]

Poeziýa

Aýralykdan soňra /Döwran Gaýypgulyýew

Gitdiňmi? Git! Çary Ataýew Geldiňmi? Gel! Geç öýümiň törüne. Ençe günläp saňa garaşyp ýördüm. Getirdiňmi oguljygym Kerimem, (Bilýärin, ýanwarda doldurdy dördün). Geldiňmi? Gel! Bir bagryma basaýyn, “Däde?!” diýip, çekinjiräp durmasyn. Sen bolmasaň, şu çagajyk bolmasa, Bir köpük ekeni ömrüm, durmuşym. […]