Proza

AÝRALYK / Ahmet Halmyrat

(Hekaýa) Adam bar ýerinde derdu-bela bar. Bilmedik, nirden ýolukdy, sargaryp-solup barýar oglum. Alaç ýok, keselhana ýerleşdirmeli. Onda-da aýak bitip, yaňy zybana gelen çaganyň ýeke özüni. Görseň, bir tutulan guşuň bar-da! Ýogsam başga-da çaga bar welin… Ýanynda boldum, ta iňrik garalyp, […]

Proza

ATGULAKSYZ TABYT / Hydyr Amangeldi

(Hekaýa)   Oraz nämä oýananyny bilmedi. Gözüni açdy. Gara öýüň ortasynda ýanýan ot söneňkirläpdir. Hersi bir dulda, başly-barat ýatan on-on iki ýigidiň hemmesem Köpetdagyň etegindäki obalardan ýygnan, tanalýan mergenler, awçylardy. Oraz olaryň ikisinden galanyny öňden tanaýardy, ol ikisem «Bäherden gapdalyndandyrys» […]

Proza

TABYT / Gurbannazar Ezizow

(Hekaýa)   Meniň atam bardy, atamyňam tabydy. Onuň haçan, nähili sebäplere görä tabyt ýasadanyny bilemok, ýöne men atamyň tabydynyň bardygyny bilýärdim. Tut agajyndan ýasalan şol berdaşly tabyt biziň ýerzeminimizde saklanýardy. Gijeler beýlede dursun, hatda gündiziň günortanlary hem ýerzemine girmek miýesser […]

Proza Terjime

GÖWHER MONJUK / Gi de Mopassan

(Nowella) Bu gyz, göýä, pelegiň gerdişi bilen käte-käte ýönekeý gullukçylaryň maşgalasynda-da dünýä inäýýän näzikden eýjejik gyzlaryň hilindendi. Onuň şaý-sepli bukjasy-da, geljege umydy-da, ýokary jemgyýetden barlyja bir adamyň gözüne ilip, onuň özüni söýüp, öýlener mümkinçiligide ýokdy. Onsoň ol halk magaryf ministrliginden […]

Proza

ÝALAN / Kakamyrat Ataýew

(Hekaýa) Bir gezek, on iki-on üç ýaşly oglankam gyşyň aýaklarynda goýnumyz guzy taşlady. Kakam entek sowamaga-da ýetişmedik, birsyhly bugaryp duran we goýy sülekeýiň içinde sudury oňly saýgartmaýan guzujyga meňzeş zady eşeni bilen bile köne halta salyp, agzyny bogdy. Onsoň maňa […]

Proza Terjime

MEN ÝOK DIÝEMOK / Alberto Morawia

(Nowella) Görnükli italýan ýazyjysy Alberto Morawia 1907-nji ýylda Rimde dünýä inýär. Onuň hakyky familiýasy Pinkerle bolup, Morawia ýazyjynyň edebi lakamydyr. Ol fransuz, nemes, iňlis dilini suwara bilýär eken. «Biperwaýlar» atly ilkinji romany 1929-njy ýylda çap edilip, döwrüň syýasy gapma-garşylyklaryna garamazdan, […]

Proza Täze eser

EDEP BAŞY / Ahmet Mele

(Bolan waka) Muny, belki, sizem eşidensiňiz-le! Özem hut öz agzyndan. Sebäbi onuň dili uzyn –– islän ýerine ýetýär. Beý diýsemem göçme manysyndadyr öýdüp, «öwünmäge hakly» diýip pikir etmäň-de, göni manysynda düşünip goýberiň, çünki olam şeýdýär, bir zada doly aň ýetirmän […]

Proza Täze eser

Aýazbaba kazyýetde /Seýitmuhammet Baýhanow

“Aýazbaba, mende hemme zat bar. Meniň bir welosipedim, oýunjaklarym, gyzykly we suratly kitaplarym bar. Ýöne men olaryň hiçisinem halamok. Meniň olar bilen asla oýnasymam gelenok. Men diňe kakamyň oýnawaç güjüjegini¬¬¬¬¬-¬Tokarjany gowy görýän.Tokarja meniň çagalyk dostum. Sebäbi öň kiçijekkäm men, ejem, […]

Proza

Hoşowaz /Umyt Küle

(ariýa) Tün. Köze gorsalan demir şar mysaly ot-gyzyl Aýyň öňünde çal bulutlar at salýar. Deräň içi bilen ownujak çagylyň arasyndan süzülip, obany ikä bölýän derýajyga sepleşýän çeşmäni ortalap, ala-pagşyldy bolup ýokary dyrmanyp gelýän ýaş ýigidiň gözi yzynda. Demi-demine ýetenok. Çeşmäň […]

Proza

OGURLYK / Kömek Kulyýew

(Hekaýa) Bir ýerde bir oba agzybir bolsa, şu agzybirdi. Bir ýerde bir oba myhmansöýer, şahandaz bolsa, şu şeýledi. Adamlaryň hersi bir ýerden göçüp gelenem welin, göwnüňe, ömürboýy bir çeşmäniň suwuny içip, bir tamdyryň nanyny iýip gelýän ýalydyr. «Jan agam-da-jan inim!» […]