Proza Terjime

GÖWHER MONJUK / Gi de Mopassan

(Nowella) Bu gyz, göýä, pelegiň gerdişi bilen käte-käte ýönekeý gullukçylaryň maşgalasynda-da dünýä inäýýän näzikden eýjejik gyzlaryň hilindendi. Onuň şaý-sepli bukjasy-da, geljege umydy-da, ýokary jemgyýetden barlyja bir adamyň gözüne ilip, onuň özüni söýüp, öýlener mümkinçiligide ýokdy. Onsoň ol halk magaryf ministrliginden […]

Proza Terjime

MEN ÝOK DIÝEMOK / Alberto Morawia

(Nowella) Görnükli italýan ýazyjysy Alberto Morawia 1907-nji ýylda Rimde dünýä inýär. Onuň hakyky familiýasy Pinkerle bolup, Morawia ýazyjynyň edebi lakamydyr. Ol fransuz, nemes, iňlis dilini suwara bilýär eken. «Biperwaýlar» atly ilkinji romany 1929-njy ýylda çap edilip, döwrüň syýasy gapma-garşylyklaryna garamazdan, […]

Proza Terjime

Qui habet aures… / Bernar Kirini

Belgiýaly ýazyjy Bernar Kirini 1978-nji ýylyň iýunynda doguldy. Ol filosofiýa hem hukuk ugrundan bilim alyp, häzirki wagtda Burgundiýa uniwersitetinde bu ugurlar boýunça professorlyk edýär. Diňe bir kyssaçy hökmünde däl, eýsem, edebiýat tankytçysy hem pelsepeçi hökmünde-de tanalýar. «Ilkinji jümläniň tolgunmasy» atly […]

Poeziýa Terjime

GARAŞ MAŇA /Konstantin Simonow

Garaş maña, dolanaryn, Umytda garaş, Garaş, gussa dolanynda, Sargylt ýagyş, Garaş, gyşda gar syranda, Garaş tomusda, Özgeler düýnde galanda, Düşende ünsden. Garaş, uzak menzillerden Hat ýetmese-de, Garaş, bile garaşýanlar Ýat etseler-de. Garaş, maña dolanaryn, Ýagşy söz berme, Seni ynandyrýanlara, Meñ […]

Proza Terjime

ÇINGIZIŇ GAZABY /Grigol Abaşidze

(Hekaýa) Alys ýoldan aryp gelen Çingiz han edilen hödür-keremden ýüz öwürdi. — Keýpiň kelläňde, Hökümdar — diýip, biraz aljyran Çagataý eşidiler-eşidilmez mydyrdady. Kakasynyň öz goşunynyň düşlän ýerine bütinleý duýdansyz, hiç hili duýduryşsyz gelip düşmegi hemişe bolşy ýaly, Çagataýy «Munuň beýtmesi […]

Proza Terjime

TÖHMET / Anton Çehow

(Hekaýa) Dürs ýazuw dersiniň mugallymy Sergeý Kapitonyç Ahineýew gyzy Natalýany taryh we geografiýa mugallymy Iwan Petrowiç Loşadinyha durmuşa çykarýar. Toý örän şowhunly geçip dur. Myhman otagyndaky märeke aýdym aýdyp, tans edip, dürli oýunlary oýnaýar. Hakyna tutulan gara frakly hyzmatkärler galstuklaryny […]

Proza Terjime

Lýolýa bilen Minka /MIHAIL ZOŞŞENKO

(hekaýalar ýygyndysy) 1. Arça Dostlar, şu ýyl men kyrkymy doldurýan. Diýmek, Täze ýyl arçasyny kyrkynjy gezek gördügim bolýar. Bu örän kän! Ömrümiň ilkinji üç ýylynda arçanyň nämedigine-de düşünmedik bolsam gerek. Ejem meni ellerinde göterip, arçanyň ýanyna elten bolmagam mümkin. Emma […]

Proza Terjime

Men köwüş iýýän /Romen Gari

(Hekaýa) Romen Gari (1914—1980, hakyky ady — Roman Kasew) XX asyr fransuz edebiýatynyň meşhur ýazyjylarynyň biri. Ol öňki Russiýa imperiýasynyň Wilno (häzirki Wilnýus) şäherinde söwdagäriň maşgalasynda dünýä inýär. 1928-nji ýylda ol ejesi bilen Fransiýa göçýär. Hukuk hünärini öwrenýär. Ikinji Jahan […]